Telekeçiler ýyladyşhana hojalyklaryň ulgamyny giňeldýärler.

«Gök ýyldyz» hususy kärhanasy Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda gök-önümleri ösdürmek we saklamak üçin öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze ýyladyşhana toplumyny gurdy.

Toplumyň çäginde bir nusgaly ýyladyşhanalar, taýýar önümleriň ammary, gaplaýjy seh, hojalyk bölümi, suw rezerwuarlary, barlaghana nokady, dolandyryş binasy, goşmaça otaglar, bug gazany ýerleşýän jaýy, beýleki inžener-tehniki gurluşyklar ýerleşýär. 

Umumy meýdany on dört gektarly ýyladyşhana, ilaty ýokary hilli ekologiki taýdan arassa gök-önümler bilen üpjün eder. Şu gün eýýäm bäş gektarda hyýarlaryň ilkinji hasyly ýetişip gelýär. Goragly toprakda agrotehnikanyň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň häzirki zaman usullary ulanmak arkaly pomidorlaryň ýokary hilli görnüşleri hem ýetişdiriler.