Ýerli telekeçiligiň wekilleri Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşdylar.

7-nji aprelde Türkmenistanda giň gerim bilen Bütindünýä saglyk güni bellenip geçildi, ol mynasybetli sagdyn durmuşy wagz etmek, ilatyň aglaba bölegini bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga uýgunlaşdyrmak maksadyna gönükdirilen birnäçe uly çäreler gurnaldy.

Paýtagtda we dürli welaýatlarda adat bolan köpçülikleýin welosiped krosy geçdi, oňa beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bir hatarda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we partiýasynyň agzalary hem gatnaşdylar. Telekeçilik ulgamyna wekilçilik edýän ýigrimiden gowrak welosipedler uly ruhubelentlik bilen paýtagtyň welosiped marafonynyň aralygyny geçdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti welosiped sportynyň köpçülikleýin, sagaldyş häsiýetini tapawutlandyryp, onuň ýurdumyzda dikelmegine başlangyç berdi, müňlerçe türkmenistanlylaryň gatnaşmagynda yzygiderli gurnalýan welosiped ýörişleri munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Şu ýylyň fewral aýynda, Türkmenabatda “Beýik Ýüpek ýoly” atly köpçülikleýin ýaryşlara başlangyç berildi, onuň hatarynda taryhy ugurlar boýunça welosipedli tapgyrlar hem bar.