Germaniýanyň wekiliýeti bilen duşuşuk.

   Germaniýaly potensial hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlyga degişli meseleler Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysy bilen Germaniýa ykdysadyýetiniň Merkezi Aziýadaky Wekilçiliginiň ýolbaşçysy Jenap Ýorg Hetçeriň baştutanlygyndaky wekiliýetiň arasyndaky 12-nji martda geçirilen duşuşygyň dowamynda ara alyp maslahatlaşyldy.

  Nemis wekilýetiniň maksady - Türkmenistanda işewür hyzmatdaşlary agtarmak we olar biler işewür gatnaşyklary ýola goýmak, iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň perspektiwalaryny ara alyp maslahatlaşmakdyr.

  Myhmanlar TSTB-niň döredilen pursatyndan başlap onuň ýeten sepgitleri, türkmen telekeçileri tarapyndan durmuşa geçirilen iri taslamalar, hususy haryt öndürijileriniň eksport mümkinçilikleri bilen tanyşdylar.

   Gürrüňdeşligiň dowamynda dürli ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin mümkinçilikler ara alyp maslahatlaşyldy. Iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň gelejegi bolan ugurlarynyň sanynda indikiler agzalyp geçildi:  Agrosenagat pudagy, ýokary tehnologiýalardan peýdalanmak, tebigy magdanlary, hususanda ýody gaýtadan işlemek boýunça kuwwatlyklary döretmek. Şeýle hem taraplar syýahatçylyk we myhmanhana işewürligi ugrunda hyzmatdaşlygy ýola goýmaklyga uly gyzyklanma bildirdiler.

  Iki ýurdyň işewür bileleşikleriniň hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmeklige, tejribe alyşmaga we göni işewür gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýän bilelikdäki işewür duşuşyklary, sergileri we gaýry çäreleri gurnamaklyga aýratyn üns berildi.