Türkmen telekeçileri ukrain kärdeşler bilen hyzmatdaşlyga taýýar.

   5-nji martda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy düzüminde Ukrainanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi W. Şewalýowyň, onuň orunbasary O. Masiwityň, Ukrainanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wise-prezidenti, «Prawio» kompaniýalar toparlaryň prezidenti W.Zaporoşşugyň, «Içnýanskiý süýt-konserwa kombinaty» kärhananyň täjirçilik direktory A.Iwanowyň gatnaşmagynda Ukrainanyň wekiliýetini garşylady.

    Duşuşykda TSTB tarapyndan halkara, oba hojalyk we senagat bölümleriň ýolbaşçylary, «Rysgal» gazetiň redaktory gatnaşdy.

   Pikir alyşmagyň dowamynda iki döwletiň işewür toparlaryň wekilleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýola goýmakda gyzyklanma beýan edildi.

   TSTB başlygy myhmanlary ýolbaşçylyk edýän jemgyýetçilik guramanyň işi barada, ýerli telekeçilige edilýän döwlet goldawy barada, dürli pudaklarda TSTB agzalary tarapyndan amala aşyrylýan uly taslamalar we olaryň eksport mümkinçilikleri barada jikme-jik gürrüň berdi.

 Bu maglumatlary uly gyzyklanma bilen diňläp, dostlukly ýurduň işewür jemgyýetiniň wekilleri duşuşygyň gatnaşyjylaryny Ukrainanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işiniň esasy ugurlary bilen, ukrain hususy işewürligiň kärhanalarynyň eksport potensialy bilen tanyşdyrdylar.

  Özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýyndyklaryny tassyklap, taraplar has aktual ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar. Ileri tutulýan ugurlaryň arasynda arkalaşykly ýokary tehnologiki kärhanalaryň gurnamak, giň haryt çalşygyny ösdürmek, şeýle hem işewürligiň wekilleriniň arasynda biznes maglumatlary alyşmak, olaryň sergilere gatnaşmagy we beýlekiler aýdyldy. Hyzmatdaşygyň gelejegi bolan pudaklary hökmünde maldarçylygy, oba hojalyk önümleriň öndürilişi, azyk senagaty aýratyn nygtaldy.

  Myhmanlar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylaryna we ähli agzalaryna guramanyň döredilmegine 10 ýyllyk ýubileýi mynasybetli gyzgyn gutlaglaryny beýan etdiler, türkmen telekeçileriniň Türkmen döwletiniň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga ýardam edýän, çekýän zähmetinde täze üstünlikler arzuw etdiler.