Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi IT-klasteriň döredilmeginiň başyny başlady.

Maglumat tehnologiýalary ugry boýunça işleri ýerine ýetirýän TSTB-niň agzalary IT-klasteri döretmek hakynda teklip berip, onuň işi ýurtdaky sanly infrastrukturanyň ösüşine, bu ugur üçin işgärleriň taýýarlanylmagyna gönükdirilendir.

2019-2025-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýet Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti tarapyndan kesgitlenilen  wezipelere laýyklykda IT-klaster taslamasynyň amala aşyrylmagy üçin Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi okuw-tanyşdyryş seminarlaryny gurnady. Okuwlar 7-nji we 12-nji martda Türkiýäniň “e-government” (“elektron hökümet”), şeýle-de kiberhowpsuzlyk ulgamlaryny ulanyşa girizmekde uly tejribesi bolan öňdebaryjy “Inovera” we “Telekom Telekominikasyon Dis Tic. ve San. A.S.” kompaniýalarynyň hünärmenleri tarapyndan geçirildi.

TSTB-niň agzalary bilen bir hatarda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýanyndaky sanly ykdysadyýet boýunça iş toparynyň düzümine girýän döwlet düzümleriniň wekilleri hem seminarlara çagyryldy.

Gatnaşyjylara türk kompaniýalarynyň IT-tehnologiýa çygryndaky, şol sanda, elektron resminama dolanşygy ulgamynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegindäki, sanlaşdyrma ulgamynda işgärleri taýýarlamakdaky mümkinçilikleri hakynda gürrüň berildi.