Aşgabat şäherinde azyk önümleriniň derňewi boýunça hususy barlaghana açyldy.

14-nji martda türkmen paýtagtynda azyk önümleriniň howpsuzlygy boýunça Türkmenistandaky ilkinji hususy barlaghananyň dabaraly ýagdaýda açylşy boldy.

Bu gurluş Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlangyjy bilen TSTB-niň agzasy bolan “Hil standart” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde döredildi.

Barlaghananyň işi ýurduň iýmit howpsuzlygyna ýardam etmäge, milli ykdysadyýetiň hususy pudagyna goldaw bermäge, türkmen azyk önümlerini öndürijileriň eksport mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, garaşsyz derňewiň geçirilmeginiň esasynda olaryň halkara akkreditasiýalaryny almagyna gönükdirilendir.

Bu ýerde ýylda 11 ugur boýunça bir ýarym million derňewleri geçirip bolýar.

Barlaghana halkara nusgasyna laýyklykda döredilendir we dünýäniň öndürijileriniň ýokary takykly häzirkizaman abzallary bilen enjamlaşdyrylandyr. Merkezi Aziýada bäsdeşlik, söwda we iş ýerleriniň döredilmegi boýunça USAID taslamasy onuň işini gurnamakda degerli goldawy berdi (CTJ).

Derňew edarasynyň işiniň guramaçylygy birnäçe tapgyrlary göz öňünde tutýar. Häzirki wagtda mikrobiologiýa barlaghanasy işe girizildi, sentýabr aýynda fizika-himiýa barlaghanasynyň açylmagy meýilleşdirilýär. Geljekde – barlaghana tarapyndan ykrar edilen halkara akkreditasiýanyň alynmagy.

Dabaraly çärä Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygy we agzalary, ABŞ-nyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Allan Mastard, USAID, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bellenilip geçilişi ýaly, bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň we Amerikanyň köpugurly hyzmatdaşlygynyň üstünliginiň, biziň döwletimiziň hususy pudagynyyň ösmegine bolan meýliniň we milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýasynyň subutnamasydyr.