Hususy işewürligiň kärhanalarynda sanly tehnologiýalaryň ulanyşa girizilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

12-nji martda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde sanly tehnologiýalaryň ulanyşa girizilmegi boýunça “Inovera” türk kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda müdiriýetiň agzalary, ykdysady bölümiň, “Rysgal” gazetiniň, hususy işewürligiň ýigrimä golaý iri kärhanalarynyň ýolbaşçylary Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine wekilçilik etdiler.

Myhmanlar kompaniýanyň IT tehnologiýalar, şol sanda, elektron resminama dolanşygy ulgamynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi, şeýle-de, awtomatlaşdyrma çygryndaky hünärmenleriň taýýarlanylmagy boýunça mümkinçilikleri hakynda habar berdiler. Bellenilip geçilişi ýaly, “Inovera” kompaniýasynyň birnäçe ýurtlaryň bilim edaralary we hususy düzümleri bilen özara gatnaşyk boýunça baý tejribesi bar.

Gürrüňdeşligiň barşynda duşuşyga gatnaşyjylar ýokarda agzalyp geçilen ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ýollaryny kesgitlediler.