Türkmen telekeçileri her ýyl geçirilýän pudaklaýyn sergä taýýarlyk görýärler.

Aşgabat şäherinde 2019-njy ýylyň 16-17-nji martynda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň sergi mezkezinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda we hyzmat etmek ugrunda ýeten sepgitleriniň her ýylda gurnalýan sergisi geçiriler.

Ýerli hususy kärhanalaryň önümleriniň sergisi TSTB-niň döredilmeginiň 11 ýyllygyna bagyşlanyp, bu çäre her ýylyň 17-nji martynda bellenilýär.

Milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz pudagynyň depginli ösüşi, ýurtda döredilen oňyn maýa goýum şertleri bilen baglylykda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň forumy tejribe alyşmak üçin netijeli ýagdaýyň döredilmegine, göni işewür gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, şeýle-de, söwda bazarynyň giňeldilmegine we türkmen önüm öndürijileriniň eksport teklipleriniň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir.

Iki ýüze golaý gatnaşyjy, şol sanda, hususy işewürligiň ilkinji gezek öz önümlerini we hyzmatlaryny hödürlejek 20 sany kärhanasy sergä gatnaşýandyklaryny habar berdiler.

Serginiň çäklerinde innowasiýalaryň ösüşiniň we işewürlik şertleriniň gowulandyrylmagynyň, şeýle hem, iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde telekeçilik bileleşiginiň özara gatnaşygynyň, ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň döredilmeginiň we täze bazarlaryň öwrenilmeginiň meseleleri boýunça hususy hyzmatdaşlyga bagyşlanan konferensiýa geçiriler.