Hususy işewürligi geljekde kanun taýdan goldamak boýunça meseleler goýuldy.

7-nji fewralda Türkmenistanyň mejlisinde Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen deputatlar toparynyň duşuşygy geçirildi we bu duşuşykda Döwlet parlamentiniň öňünde goýlan meseleleri aýdyňlaşdyryldy hem-de, 2019-2025 ýyllara ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşi boýunça kabul edilen Maksatnamanyň mazmunyndaky  kanun döredijilik işleriniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda ýurduň milli ykdysadyýetiniň bazar esaslarynyň ösüş meýilnamasy bilen bagly bolan ýerli telekeçiligi geljekde kanun taýdan goldamak meselesine uly üns berdi.

Türkmen Lideri ilkinji meseleleriň hatarynda raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak, maýa goýum işjeňligini güýçlendirmek, döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak we paýdarlar jemgyýetine öwürmek boýunça meseleleri belläp geçdi.

Hususy telekeçiligi ösdürmek Maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti barada aýtmak bilen, Prezidentimiz döwlet-hususy hyzmatdaşlygy barada kanuny taýýarlamak üçin wagtyň gelip ýetendigini mälim etdi.

Ähmiýetli meseleleriň hatarynda telekeçileri oba hojalyk önümçiligine çekmek üçin kanuny şertleriň döredilmegi bellenip geçildi.

Telekeçiligi kanun taýdan goldamak meselesi şeýle hem, ulag pudagynyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek meselesi bilen baglylykda hem agzaldy. “Bu ýerde pudaga telekeçileriň maýa goýumlaryny çekmek, ulag hyzmatlarynyň pudagynda hususy kompaniýalary we bäsdeşligi ösdürmek esasy maksat bolmalydyr”-diýip, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti belläp geçdi.

Bank işini kanun taýdan düzgünleşdirmek pudagynda aýratyn meseleler kesgitlenildi. Hususanda, döwlete dahylsyz banklary döretmek.

Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň geçirilmeginiň maksada laýykdygyna üns çekdi, munuň özi hem hususy işewürligiň wekilleri üçin uly ähmiýete eýedir.