Ýurduň işewür zenanlary bilen duşuşyk.

7-nji fewralda Türkmenistanyň Zenanlar Birleşmesiniň Merkezi geňeşi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň zenanlar guramasy 2019-njy ýylyň “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” şygaryna bagyşlanan çäre gurnadylar.

Jemgyýetçilik guramalar merkeziniň mejlisler zalyna telekeçi zenanlar we ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw jaýlarynyň we dürli pudaga degişli kärhanalaryň işçi toparlarynyň ýolbaşçylary we ilkinji zenanlar guramasynyň wekilleri çagyryldy.

Duşuşygyň baş maksady-gender syýasatyna degişli meseleler babatynda maglumatlylyk derejesini,  jemgyýetiň durmuş-ykdysady we syýasy durmuşynda telekeçi zenanlaryň ornunyň derejesini ýokarlandyrmak bolyp durýar.

Çykyşlar işewür zenanlarynyň ýeten anyk sepgitlerine bagyşlandy.

Duşuşyga gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa onuň ýolbaşçylygynda ýurtda alnyp barylýan düýpli özgerşikler, türkmen zenanlarynyň abadan durmuşy we hemmetaraplaýyn işlerini alyp barmagy üçin döredip beren mümkinçilikleri üçin çyn ýüreginden minnetdarlygyny bildirdiler.