Täze hususy zawod polietilenden we polipropilenden önüm öndürip başlady.

9-njy ýanwarda Baýramaly şäherinde polietilen paketlerini we polipropilen turbalary öndürýän zawodyň açylyş dabarasy boldy.

“Eşretli kenar” HK-nyň tabşyrygy boýunça zawod “Älemabat” hojalyk jemgyýeti tarapyndan guruldy.

Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan kärhananyň kuwwaty 1 800 tonna dürli polietilen plýonka we 257 tonna ýokary hilli 20-60 millimetr diametrli polipropilen turbalaryna barabardyr. Çig maly üpjün edijiler Kyýanly şäherçesindäki polimer zawody we Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy.

“Eşretli kenar” HK-nyň öz önümlerini daşary ýurtlara eksport etmekligi meýilleşdirýärler.