Telekeçiler täze ýyladyşhana toplumyny işe girizdiler.

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň “Dostluk” daýhan birleşiginde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “BEK” HK-nyň täze ýyladyşhana toplumy ulanyşa berildi.

2 gektar meýdanda ýerleşen döwrebap hojalyk miwe we gök önümleriniň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek üçin niýetlenilen innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr. Häzirki wagtda bu ýerde hyýary we pomidory ösdürip ýetişdirmek işine girişildi.

Lebap welaýatynda 10 sany iri, häzirkizaman ýyladyşhana toplumlary işleýär, üstümizdäki ýylda şulara meňzeş ýene-de 19 sany hojalygy açmak meýilleşdirilýär.

Amyderýa “jülgesiniň” telekeçileri witaminlere baý önümler bilen diňe bir içerki bazary üpjün etmän, eýsem, öz önümlerini daşary ýurtlara hem iberýärler.