Şowly telekeçiler bilen Täze ýyl baýramçylygy.

20-nji dekabrda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işewürlik merkeziniň “Toý mekanynda” geçirilen “Täze ýyl yşygy” ýerli telekeçilere köpsanly ýakymly duýgulary we baýramçylyk ruhuny berdi.

Baýramçylyk çäresine zähmetde we jemgyýetçilik işlerinde ýokary üstünlikleri gazanan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we partiýasynyň agzalary gatnaşdylar. Bitewi we agzybir maşgala hökmünde olar milli ykdysadyýetde gazanylan üstünlikler we ýurduň täze taryhynda möhüm wakalar, hususy işewürligiň ösüşi bilen ýatda galan 2018-nji ýyly ugratdylar.

Telekeçiler baýramçylyk gutlaglary we arzuwlary bilen Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we özleriniň ähli watandaşlaryna ýüzlendiler.

Baýramçylyk konsertiniň maksatnamasy meşhur estrada aýdymçylarynyň we döredijilik toparlarynyň çykyşlaryndan ybarat boldy.