Türkmenistanyň we Saud Arabystan patyşalygynyň telekeçileri özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekdiler.

17-nji dekabrda “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen “The Global Projects Development Holding Co.” kompaniýasynyň (Saud Arabystan patyşalygy) arasynda özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekmek dabarasy boldy.

Resminama bu düzümleriň ýolbaşçylary gol çekdiler.

Gatnaşyklary işjeňleşdirmek we bilelikdäki işewür taslamalary durmuşa geçirmek maksady bilen taraplar dürli ugurlar boýunça özara gatnaşyklary ösdürmäge, iki ýurduň işewür toparlarynyň mümkinçiliklerini ulanmaga bildirýän isleglerini tassykladylar.