Hususy gurluşyk kärhanalary döwlet tarapyndan jemgyýetçilik-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna buýurma aldylar.

Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň dolandyryş merkezlerinde umumymilli we halkara derejesindäki köpçülikleýin çäreleri, baýramçylyk çykyşlaryny geçirmek üçin niýetlenilen “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň düýbüni tutmak dabaralary boldy.

Özboluşly binagärligi we ýokary inženerçilik çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýan binalaryň gurluşygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanyldy. Balkanabat we Daşoguz şäherlerinde bu binalaryň gurluşygyny “Röwşen” HK-nyň hünärmenleri, Türkmenabat şäherinde bolsa “Ajaýyp döwür” HK-nyň hünärmenleri alyp bararlar.

“Türkmeniň ak öýi” binasy 3 müň adama niýetlenilendir. Ägirt ak öý görnüşindäki täze binalaryň durkunda türkmenleriň öý gurmak sungatynyň özboluşly däpleri bilen binagärlik sungatynyň häzirki zamanda ýeten sepgitleri sazlaşykly utgaşar.

TSTB-niň agzalarynyň Mary we Ahal welaýatlaryndaky şeýle jemgyýetçilik-medeni maksatly desgalaryň gurluşygynda tejribesi bar.