Türkmen telekeçileri günebakar ýagynyň önümçiligine girişdiler.

Ýakyn wagtda oba hojalyk önümlerini gaýtadan işläp taýýarlaýan kärhanalaryň hataryna “Gündogar akymy” we “Kämilligiň gözbaşy” hojalyk jemgyýetleri tarapyndan gurluşygy alnyp barylýan, ekologiýa taýdan arassa günebakar ýagyny öndürýän zawodlar goşular.

Kärhanalarda bilelikde daşary ýurtdan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümiň ýylda 24 müň tonnasyny öndürmek meýilleşdirilýär.

2018-nji ýylyň 23-nji noýabrynda geçirilen hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda günebakar ýagyny öndürmek boýunça berlen teklibi makullady. Şol bir wagtda döwlet baştutany ýurdumyzyň tebigat-howa şertlerini we agrar pudak boýunça öňdebaryjy işläp taýýarlamalary nazara almak bilen bu ekiniň has talabalaýyk görnüşini saýlap almagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Oba hojalyk ekinleriniň önümçiliginiň möçberini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamanyň çäginde 2019-njy ýylda günebakar ekilýän meýdanlary giňeltmeklik we 5 müň gektara günebakary ekmek meýilleşdirilýär. Bu meýilnamalary durmuşa geçirmek maksady bilen “Gündogar akymy” HJ öňdebaryjy “Syngenta Agro AG” agrosenagat şweýsar kompaniýasy bilen Türkmenistanda günebakary ösdürip ýetişdirmekde ulanyljak ýokary hilli tohumlary getirmek boýunça şertnama baglaşdy.

“Agzybir ojak” HJ-niň baglaşan şertnamasyna laýyklykda gurluşygy alnyp barylýan zawodlar üçin enjamlar türk kompaniýalary tarapyndan üpjün ediler.