Fransiýanyň işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça meýilnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

5-nji dekabrda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde Fransuz-rus söwda-senagat edarasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirilip, wekiliýete edaranyň başlygy jenap Emmanuel Kide ýolbaşçylyk etdi. Şeýle hem wekiliýetiň düzüminde iri fransuz kompaniýalarynyň wekilleri bardy.

Myhmanlary TSTB-niň başlygy, müdirýetiň agzalary, bölüm müdirler, şeýle hem, fransuz işewürleri bilen iş tejribesi bolan telekeçiler garşy aldylar.

Türkmenistan bilen Fransiýanyň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşygy, söwda-maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri hakynda giňişleýin gepleşik geçirildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy duşuşyga gatnaşyjylary özüniň ýolbaşçylyk edýän guramasynyň alyp barýan işi, türkmen telekeçileriniň ýeten sepgitleri we geljegi bar bolan meýilnamalary bilen tanyşdyrdy. TSTB-niň halkara gatnaşyklarynyň ösüşinde ýewropa ugrunyň iň bir ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi aýratyn bellenilip geçildi.

Aýdylyp geçilen maglumatlara uly gyzyklanma bildirmek bilen Fransuz-rus söwda-senagat palatasynyň ýolbaşçysy bu düzümiň maksatlarynyň we wezipeleriniň üstünde durup geçdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky iş gatnaşyklaryny ösdürmäge bolan gyzyklanmany belläp geçip, bu özara gatnaşyga goşmaça itergi bermäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Hususy türkmen kärhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ýurdumyzda işewürligi alyp barmaga gyzyklanma bildirýän fransuz kompaniýalarynyň ikitaraplaýyn gepleşikleriniň barşynda gönüden-göni gatnaşyklaryň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.