Hususy pudagyň importyň ornuny tutmak çygryndaky üstünlikleri ýöriteleşdirilen sergide görkezildi.

4-nji dekabrda paýtagtymyzyň “Çandybil” söwda merkezinde Türkmenistanyň Söwda senagat edarasy tarapyndan gurnalan Importyň ornuny tutýan önümçilik tehnologiýalarynyň halkara sergisi öz işine başlady.

Sergidäki diwarlyklaryň aglaba bölegini milli ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk pudagynyň kärhanalary eýeledi. Myhman wekiliýetlerine türkmen hyzmatdaşlary bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän Ýewropanyň we GDA ýurtlarynyň kompaniýalary wekilçilik etdiler.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ekologiýa taýdan arassa ýerli çig mallardan öndürilýän importyň ornuny tutýan ýokary hilli we eksport üçin niýetlenilen iýmit önümleriniň önümçiligindäki öz ýeten sepgitlerini we kuwwadyny görkezýärler. Telekeçileriň ekspozisiýalarynyň belli bir bölegi importyň ornuny tutýan senagat kärhanalarynyň döredilmegi bilen bagly bolan üstünliklere bagyşlanandyr.

Serginiň çäklerinde birnäçe resminamalara gol çekildi. Olaryň hatarynda “Gündogar Akymy” HJ bilen “Syngenta Agro AG” şweýsar kompaniýasynyň Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirmek üçin niýetlenilen günebakar tohumyny üpjün etmek boýunça şertnamasy bardyr. Şeýle hem, “Agzybir Ojak” HJ bilen “ERENSOY Gida Ve Ambalaj Makinalari San. Ve Tic. Ltd. Şti” we “EKTAM Makine San. Ýe Tic. A.S.” türk kompaniýalarynyň çüýşe gaplardaky önümleriň önümçiligi üçin tehnikany satyn almak boýunça şertnama hem-de arassalanan ýagy gaplamak üçin enjamlary satyn almak we gurnamak boýunça ylalaşyga gol çekildi.

Serginiň işi 6-nji dekabra çenli dowam eder. Onuň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilýär, önüm öndürijileriň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki kärhanalary döretmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.