Türkmen-müsür hyzmatdaşlygynyň gelejegi bolan ugurlary kesgitlenildi.

27-nji noýabrda Kair şäherinde (Müsür) ykdysady we ylym-tehnika hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki türkmen-müsür hökümetara toparynyň ikinji mejlisi geçirildi. Hökümetara toparynyň işiniň çäklerinde türkmen-müsür biznes forumynyň işi geçdi.

Türkmenistanyň wekilýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 20-den gowrak wekili bolup, olaryň hatarynda müdirýetiň agzalary, TSTB-niň bölüm müdirleri, gurluşyk, guşçulyk, maldarçylyk, balykçylyk, ýyladyşhana hojalyklary, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, syýahatçylyk ugurlary boýunça ýöriteleşdirilen iri kärhanalaryň ýolbaşçylary bar.

Iki ýurduň işewür toparlarynyň duşuşygynyň baş wezipesi ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, şeýle hem, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde özara gatnaşyklary ösdürmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak boldy.

Foruma gatnaşyjylar türkmen telekeçileriniň köpugurly işleri we eksport mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy.

Ikitaraplaýyn duşuşuklaryň barşynda TSTB-niň agzalarynyň we olaryň müsür kärdeşleriniň arasynda gönüden-göni gatnaşyklary ýola goýmaklygyň mümkinçilikleri we hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.