Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary USAID söwda forumyna gatnaşdylar.

Türkmenistanyň hususy pudagynyň 25-den gowrak wekili 17-18-nji oktýabrda Taşkent şäherinde geçirilen sekizinji Merkezi-Aziýa Söwda forumyna gatnaşdylar.

Çäräniň guramaçylygyny ABŞ-nyň halkara ösüş agentliginiň (USAID) Merkezi Aziýada bäsdeşlige ukyplylyk, söwda we iş ýerlerini döretmek boýunça Taslamasy bilen birlikde Özbegistan Respublikasynyň Daşary söwda işler Ministrligi alyp bardylar.

Sebitde söwdanyň ösmegi we bolup biljek hyzmatdaşlary gözlemek boýunça gepleşik meýdançasy bolup hyzmat edýän forum bu ýyl ilkinji gezek Özbegistanda geçirildi hem-de dünýäniň 25 döwletinden 1600-den gowrak wekilleri, şol sanda Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň döwlet we hususy pudaklaryndan wekilleri bir ýere jemledi.

TSTB-niň “Sebitleýin söwda we maýa goýum” ykdysady bölüminiň müdiriniň eden çykyşynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýeten sepgitleri we mümkinçilikleri hakynda maglumatlar beýan edildi.

Forumyň çäklerinde türkmen telekeçileri öz önümlerini daşary ýurt bazarlaryna ibermek babatynda birnäçe duşuşyklary we gepleşikleri geçirdiler hem-de söwda sergisine gatnaşdylar. Konserwirlenen miwe-gök önümlerini öndüriji “Ýakyn dost”, “Aziýa Plastik” söwda markasy bilen plastik önümlerini, turbalaryny we beýleki materiallary öndürmek boýunça ýöriteleşdirilen “Bäş Derek” kärhanasy, polietilenden skotç öndüriji, şeýle hem, awtoulaglar üçin howa we ýag filtrlerini öndüriji “Berk Önüm” HK özleriniň daşary ýurda ibermek üçin niýetlenilen önümlerini ýöriteleşdirilen serginiň diwarlygynda görkezdiler. “Güneşli Syýahat” we “Rowaç-AB” hususy syýahatçylyk kärhanalary Türkmenistanyň goralyp saklanýan tebigy ýerleri we ýurduň dünýäbelli taryhy-medeni ýadygärlikleri  boýunça meşhur ugurlary üstünlik bilen görkezdiler.