Hususy kärhana saglygy goraýyş ulgamynyň täze desgasynyň gurluşyk işlerini alyp barar.

Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň Karary bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy – “Nusaý ýollary” hususy kärhanasy Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 200 orunlyk ýokanç keseller hassahanasyny gurar.

Saglygy goraýyş ulgamynyň täze edarasy döwrebap ýöriteleşdirilen enjamlar, ätiýaçlyk şaýlary we sarp edilýän serişdeler bilen üpjün ediler.

Hassahananyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, elektrik, gaz we suw üpjünçiliginiň, lagymyň täze daşarky inžener ulgamlarynyň taslamalaryny düzmek we geçirmek, durkuny täzelemek ýa-da täzelerini gurmak hem-de olary umumy ulgama birikdirmek göz öňünde tutulýar.

Desganyň buýrujysy Ahal welaýatynyň häkimligidir. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda ýokanç keseller hassahanasynyň gurluşyk işleri 2018-nji ýylyň noýabr aýynda başlap, desga 2020-nji ýylyň iýun aýynda ulanylyşa berler.