Türkmen telekeçileri täze obalaryň gurluşyk işlerine gatnaşarlar.

29-njy oktýabrda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň “Gowşut” geňeşliginde we Ak bugdaý etrabynyň “Öňaldy” geňeşliginde häzirkizaman obalarynyň düýbüni tutmak dabaralary geçirilip, olaryň gurluşygyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşarlar.

Ýakyn geljekde bu ýerde ösen infrastrukturaly ilatly nokatlar emele gelip, her bir obada 2 müň adamyň ýaşamagy göz öňünde tutulan 400 sany ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy meýilleşdirilýär. Olar bir gatly iri panelli jaýlar bolup, olardan 100 sanysy bäş otagdan, 200 sanysy dört otagdan we 100 sanysy üç otagdan ybarat jaýlardyr. Olaryň taslamasynda oba ýaşaýjylarynyň we türkmen durmuşynyň aýratynlyklary göz öňünde tutulan.

Ýaşaýyş toplumlarynda geňeşlikleriň dolandyryş binalary, 640 orunlyk orta mekdepler, 320 orunlyk çagalar baglary, söwda merkezleri, saglyk öýleri, baýramçylyk dabaralaryny we milli däp-dessurlary geçirmek üçin meýdançalar, awtoduralgalar bina ediler. Bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň binalaryny öňdebaryjy enjamlar we tehnikalar bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär.

Taslamalarda desgalaryň ýanaşyk ýerlerini bagy-bossanlyga büremek we abadanlaşdyrmak işleri göz öňünde tutulýar.