Aşgabat şäherinde täze ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna badalga berildi.

26-njy oktýabrda paýtagtymyzyň Gurtly ýaşaýyş toplumynda binalar toplumynyň gurluşygyna badalga berlip, olaryň potratçylary hususy gurluşyk kärhanalarydyr.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary 62 sany dört gatly ýaşaýyş jaýyny gurarlar. Ýaşaýyş jaýlary bilen birlikde jemgyýetçilik-durmuş maksatly jaýlaryň gurluşygy hem alnyp barylar: 160 orunlyk çagalar bagy, 320 orunlyk orta bilim berýän mekdep, söwda-dynç alyş merkezi, bazar we 10 sany iki gatly dükanlar. Jaýlaryň durmuş üpjünçilik ulgamlarynyň döredilmegi bilen bir hatarda olara ýanaşyk ýerlerde abadanlaşdyryş we bag ekmek işleri ýerine ýetiriler.

Durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ynanylan nobatdaky jemgyýetçilik taslamasy ýurduň esasy şäheriniň çäkleriniň giňelmegini we onuň ýaşaýjylarynyň sanynyň artmagyny hasaba almak bilen işlenilip düzülendir. Täze jaýlaryň gurluşygyna bildirilýän esasy talap ekologiýa nukdaýnazary bilen bir hatarda iň ýokary talaplara gabat gelýän ýokary hilli döwrebap gurluşyk materiallarynyň ulanylmagyndan, şeýle hem, adamlaryň ýokary durmuş derejesini üpjün etmek maksady bilen öňdebaryjy gurluşyk tehnologiýalarynyň ulanylmagyndan ybaratdyr.