Telekeçiler gaýtadan işlenilýän çig maldan taýýarlanylýan önümleriň önümçiligini giňeldýärler.

25-nji oktýabrda Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynda agaç gyryndysynyň dykyzlandyrylan gatlagyny öndürýän häzirkizaman zawody açyldy. «Agaýana» Hususy kärhanasyna degişli önümçiligiň aýratynlygy çig mal hökmünde agaç görnüşindäki oba hojalyk galyndylarynyň – pagta ýygylandan soňra galýan pagta baldaklarynyň we gozalarynyň ulanylmagyndan ybaratdyr.

Isleg bildirilýän harydyň önümçiligi daşary ýurtdan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyryldy. Kärhananyň önümçilik güýji ýylda 20 müň metrkub agaç gyryndysynyň dykyzlandyrylan gatlagyndan  ybaratdyr.

Öndürilýän haryt görnüşleri: gurluşyk işleri üçin agaç gyryndysynyň dykyzlandyrylan gatlagy, şeýle hem, mebelleri taýýarlamakda ulanylýan dürli reňkdäki laminirlenen agaç gyryndysynyň dykyzlandyrylan gatlagy.

Gyzgalaňly pagta ýygymy dowam edýär we ýakyn wagtlarda kärhananyň ammary belli bir derejede möwsümleýin çig maldan doldyrylar. «Agaýana» HK öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmagy, ýerli gurluşyk we mebel bazarlaryny kanagatlandyrmagy, soňra bolsa, daşary ýurt bazarlaryna çykmagy meýilleşdirýär.