Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri agrosenagat toplumy boýunça irland tejribesi bilen tanyşdylar.

Biziň ýurdumyzyň wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň oba hojalyk we agrosenagat toplumy bölüminiň ýolbaşçysy Ş.Herremow, şeýle hem birleşmäniň müdiriýetiniň agzasy, Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň başlygy A.Mälikgulyýewa bolup, olar EuropeAid «Türkmenistanda oba hojalygynyň we obanyň mundan beýläk durnukly ösüşine ýardam bermek - III döwür (SARD III)» taslamasynyň tanyşdyryş seminaryna gatnaşdylar.

Bu taslama Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi, şeýle hem, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen birlikde Ýewropa bileleşigi tarapyndan 2016-njy ýyldan bäri durmuşa geçirilýär we durnukly oba hojalygy boýunça milli pudakda öňde goýlan maksatlary gazanmaga, oba we oba hojalyk pudagyny ösdürmäge we goldamaga gönükdirilendir.

Seminar 30-njy sentýabr – 7-nji oktýabr aralygynda Irlandiýa respublikasynda geçirilip, özüniň milli agroiýmit önümçiliginiň umumy möçberiniň üçden iki bölegini dürli ýurtlara iberýän, Ýewropada daşary ýurda iň bir şowly haryt öndürijileriň biri hökmünde tanalýan bu ýurduň tejribesi bilen tanyşmaga gönükdirilendir.

Esasan hem, seminara gatnaşyjylara kiçi we orta işewürligiň kärhanalaryny – agroiýmit önümlerini daşary ýurda iberijileri goldamak we höweslendirmek boýunça tejribe bilen tanyşmaga, şeýle hem, ýewropa ýurtlarynda hil derejesi we iýmit howpsuzlygy boýunça degişli talaplary öwrenmäge mümkinçilik berlip, ol Ýewropa bileleşiginiň agroiýmit bazarlaryna giriş bilen baglydyr.

Dublin şäherinde we ýurduň beýleki welaýatlarynda bolan wagtlary düzüminde Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hünärmenleri bolan türkmen wekiliýeti azyk we oba hojalyk ulgamy boýunça ýöriteleşdirilen birnäçe döwlet we hususy düzümlere, guramalara we kompaniýalara baryp gördüler. Olar öndürilýän önümleriň azyk howpsuzlygynyň talaplaryna we ölçeglerine laýyklygynyň gözegçiligini amala aşyrýarlar, şeýle hem, azyk harytlarynyň ösüşine we dünýä bazarynda irland kärhanalarynyň ösmegine ýardam edýärler.

Seminara gatnaşyjylar üçin kärhanalara we azyk önümleriniň önümçiliginiň dürli ugurlary boýunça ýöriteleşdirilen agro hojalyklara saparlar gurnaldy.

Geçirilen duşuşyklar we görkezme çykyşlar Irlandiýa hökümetiniň azyk önümleriniň howpsuzlygynyň gözegçiligi ulgamynda syýasaty işläp düzmek we durmuşa geçirmek boýunça çemeleşmesi hakynda düşünje almaga, bu ugurda öňdebaryjy ýewropa maksatnamalary bilen tanyşmaga ýol berdi.

Ýewropa bileleşiginiň okuw-tanyşdyryş seminaryna gatnaşmaklyk türkmen oba hojalyk önümlerini öndürijileriniň daşary ýurtlara haryt ibermek mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, agrosenagat toplumynda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan geçirilýän giň gerimli işleriň hatarynda wajyp bolup durýar.