Awstriýanyň işewürlik toparynyň wekilleri bilen duşuşyk.

10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Awstriýa Respublikasynyň wekiliýeti geldi. Onuň düzümine: Awstriýanyň Söwda-senagat edarasynyň sebitdäki menejeri Karl Mihael Angerer, Awstriýanyň Gazagystandaky ilçihanasynyň söwda maslahatçysy, söwda bölüminiň ýolbaşçysy Rudolf Taler, “Raýffaýzenbank” PJ-niň  maliýe institutlar we GDA boýunça direktory Pawel Zarutskiý we Awstriýanyň biziň ýurdymyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Gerhard Saýller girdi.

Myhmanlary TSTB-niň ýolbaşçysy, müdiriýetiň agzalary, administrasiýanyň we halkara bölümiň wekilleri, şeýle-de “Rysgal” PTB-nyň ýolbaşçylary we Türkmenistanyň Awstriýadaky Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň söwda boýunça wekilleri, “Rysgal” gazediniň redaktory gyzgyn garşyladylar.

TSTB-niň ýolbaşçysy iki ýurdyň işewürlik toparlarynyň güýçli depginde ösýän hyzmatdaşlygyny uly kanagatlanma bilen belläp geçdi. Muňa tassyknama hökmünde ol sentýabr aýynyň başyna geçen türkmen telekeçileriniň Wena saparynyň netijeliligini we dostlukly ýurdyň häzirki Aşgabadaky saparyny mysal getirdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar Birleşmäniň esasy ykdysady görkezijileri, telekeçileriň eksport mümkinçilikleri we işewür hyzmatdaşlygy göz öňünde tutmak bilen ösüş üçin ähli esaslary bolan Türkmenistanyň we Awstriýanyň hususy toparlarynyň arasyndaky haryt dolanyşygy barada maglumaty diňlediler.

Awstriýaly işewürler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň güýjeýän ösüşiniň mazmunynda iki ýurdyň telekeçileriniň işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmegiň wajyplygyny belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň barşynda dürli ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda AST, ýokary tehnologiýalaryň ulanylmagy, tebigy baýlyklary gaýtadan işlemek boýunça kuwwatlyklaryň döredilmegi agzaldy.

Bank ulgamynda gatnaşyklary giňeltmek, hususanda “Rysgal” Paýdarlar täjirçilik banky bilen dünýäniň dürli ýurtlarynda hereket edýän şahamçalary bolan, awstriýanyň iň iri bank toparlarynyň biri-«Raiffeisen Bank International» arasynda kärdeşlik gatnaşyklaryny ýola goýmak gürrüňdeşligiň aýratyn mowzugy boldy.

Geljekki netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin ýeke-täk binýady döretmäge umumy çemeleşmeleri kemala getirmek maksady bilen şeýle duşuşyklaryň yzygiderli geçirilip durulmagynyň wajyplygy nygtalyp geçildi.