Duşuşygyň mowzugy – söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek.

11-nji oktýabrda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde halkara bölümiň we söwda bölüminiň hünärmenleri bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Täjirçilik ministrliginiň halkara söwda-ykdysady gatnaşyklar müdirliginiň ýolbaşçysynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Myhmana TSTB-niň ähmiýetli ugurlary söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, bu maksatlarda ýöriteleşdirilen halkara sergileriň çäklerinden peýdalanmak bolan halkara işi barada maglumat berildi.

Gürrüňdeşligiň barşynda telekeçilik ulgamlaryň derejesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Biziň ýurdymyzda olaryň işjeňleşmegi üçin iň amatly şertleri bardygy bellenip geçildi.

Türkmen we hytaý telekeçileriniň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeliligini belläp, HHR Täjirçilik ministrliginiň wekili onuň ýurdynda noýabr aýynyň 27-29-na giň gerimli ýöriteleşdirilen serginiň gurnalýandygy barada habar berdi, onuň çäklerinde dürli ugurlarda ýetilen sepgitler görkeziler. TSTB-niň agzalaryny bu syna gatnaşmaga çagyryp, myhman onuň çäklerinde iki ýurdyň işewür toparlarynyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirmek nukdaýnazaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin türkmen-hytaý işewürlik-forumyny gurnamak mümkinçiligi barada habar berdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar dürli ugurlarda ikitaraplaýyn amatly hyzmatdaşlygy geljekde hem giňeltmek boýunça kesgitli teklipleri hödürläp, öndürijilikli gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmaga uly gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

Duşuşyga HHR-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň söwda-ykdysady meseleleri boýunça maslahatçysy hem gatnaşdy.