Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada ulag we logistika işewürlik assosiasiýalarynyň ösüşini goldaýar.

9-njy oktýabrda Türkmen Logistika Assosiasiýasynda Ýewropa Bileleşiginiň “Merkezi Aziýada ulag we logistika işewürlik assosiasiýasyny berkitmek” atly sebitleýin taslamanyň wekili Antonio Kastro bilen duşuşyk geçirildi.

Myhman Türkmenistanda milli ykdysadyýetiň wajyp düzüm birligi bolup durýan we onuň dünýä hojalyk aragatnaşyklar ulgamyna birikmegine ýardam berýän ulag-logistika ugruny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän taslamalar bilen tanyşdyryldy.

Antonio Kastro Türkmen Logistika Assosiasiýasynyň işiniň ugurlary, onuň durmuşa geçirýän taslamalary we gelejegi bolan meýilnamalary barada maglumat aldy. Bellenip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan Assosiasiýanyň baş maksady – logistika infrastrukturasyny kemala getirmek we ösdürmek, giň köpçüligi ösen ýurtlaryň öňdebaryjy pikiri we logistiki taslamalary bilen tanyşdyrmakdyr.

Öz gezeginde, Antonio Kastro duşuşyga gatnaşyjylary 2017-2019 ýyllar aralygynda durmuşa geçirilýän Ýewropa Bileleşiginiň “Merkezi Aziýada ulag we logistika işewürlik assosiasiýasyny berkitmek” atly sebitleýin taslamanyň maksatlary we wezipeleri bilen tanyşdyrdy. Bellenilişi ýaly, taslamanyň baş maksady telekeçilige, işewürlik assosiasiýalaryna we kiçi we orta telekeçiligiň kärhanalaryna ulag-logistika işewürligini ösdürmekde, Merkezi Aziýada eksporty giňeltmekde goldaw bermekden ybaratdyr.

Gürrüňdeşligiň barşynda ulag ulgamynyň we logistika tejribelikleriniň durnukly ösüşine ýardam bermek, bu maksatlarda iň täze usullardan peýdalanmak üçin  Ýewropa Bileleşiginiň taslamasyny durmuşa geçirmegiň, şeýle-de Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň işewürlik assosiasiýalarynyň arasynda kärdeşligi ösdürmegiň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen Logistika Assosiasiýasynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri bilen bir hatarda duşuşyga Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri hem gatnaşdylar.