Türkmen-taýland işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

14-nji sentýabrda Aşgabada iş sapary bilen Taýland Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (Ankara ş. rezidensiýasy bilen) hanym Pahntipha Iamsudha Ekarohitiň baştutanlyk etmeginde Taýlandyň wekiliýeti Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine geldi.

TSTB-niň ýolbaşçysy myhmanlary ýurdymyzda hususy telekeçiligi ösdürmegiň ugurlary bilen tanyşdyrdy, ýerli telekeçilige döwlet tarapyndan berilýän goldaw we birleşmäniň agzalarynyň daşary ýurtly kärdeşler bilen hyzmatdaşlykdaky tejribesi barada gürrüň berdi. Myhmanlara şeýle-de türkmen telekeçileri tarapyndan durmuşa geçirilen iri taslamalar barada maglumat berildi. Taýlandyň syýahatçylyk işewürliginde uly tejribesini nazara alyp, “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda gelejegi bolan meýilnamalara aýratyn üns berildi.

Geçirilen gürrüňdeşligiň dowamynda söwda, syýahatçylyk, hojalyk tehnikasyny öndürmek boýunça bilelikdäki kärhanalary döretmek we ş.m. ulgamlarda iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taýlandyň doly ygtyýarly wekili biziň ýurdumyzda telekeçilik ulgamynyň derejesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary güýçlendirmek üçin iň amatly şertleriň bardygyny belledi.

Iki ýurdyň telekeçileriniň işewürlik aragatnaşyklaryny ösdürmäge, bu maksatlarda işewürlik forumlaryny we gaýry halkara çärelerini geçirmäge gyzyklanma bildirildi.

Duşuşyga TSTB-niň müdiriýetiniň agzalary, halkara bölümiň, “Rysgal” gazediniň wekilleri gatnaşdylar.