MAZ-yň ekipažy “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine wekilçilik edýär.

Garagum boýunça ýaryşda iki tapgyryň netijeleri boýunça “Amul-Hazar 2018” awtorallisinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine wekilçilik edýän türkmen-belorus MAZ ekipažy iň tiz awtoulaglaryň onlugyna girdi.

404 belgili MAZ trassanyň ikinji bölegini geçýän wagty pellehanany bäşinji bolup (ýük ulaglarynyň kategoriýasynda) geçdi.

Çapyşyk dowam edýär. Sürüji Aleksandr Wasilýowskiniň, şturman Dmitriý Wihrenkonyň we mehanik Türkmenistanyň Sport we syýahatçylyk milli institutynyň şu ýyldaky uçrumy Begnazar Nurýagdyýewiň gatnaşmagynda ekipaž ýeňişe tarap ynamly barýar.