Ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagynda durnukly ösüş bellenilýär.

3-nji awgusta geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýygnagynda 2018-nji ýylyň ýedi aýy boýunça ýurduň ösüşi jemlendi.

Berilen görkezijiler boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň işiniň dürli ugurlarynda durnukly ösüş bellenip geçilýär. Şeýlelikde, ýylyň başyndan hususy telekeçiler tarapyndan öndürilýän senagat önümleriň göwrümi 28,7 göterimden, oba hojalyk we azyk önümleriň göwrümi 55,1 göterimden ybarat boldy. Söwda dolanyşygy 2,1 göterim ýokarlandy. Ilata hyzmat etmek pudagyna telekeçiler işleri ýerine ýetirmek boýunça görkezijini 2 göterime ýokarlandyrdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan TSTB-niň söwda toplumynyň  öňünde goýlan ilkinji nobatdaky meseleleriniň hatarynda – haryt dolanyşygyny ösdürmek, ýerli harytlaryň eksport göwrümini artdyrmak we daşary ýurtlarda Türkmenistanyň söwda öýlerini açmak bolup durýar.

Bu meseleleri çözmegiň ýollary Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde 6-njy awgusta geçirilen maslahatda TSTB-niň ähli düzüm birlikleriniň, şeýle-de hususy işewürligiň dürli pudaklarynyň wekilleriniň giňden gatnaşmagynda ara alnyp maslahatlaşyldy.