“Mekdep bazary” ýarmarkasyna çagyrýarys.

Paýtagtymyzyň “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” Söwda merkeziniň öňündäki meýdançada Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary mekdep ýarmarkasyny açdylar, ol şu aýyň ahyryna çenli hereket eder.

Täze okuw ýylyna, hususy telekeçiligiň kärhanalary okuwçylar üçin hem ýurdumyzda öndürilen, şeýle hem daşary ýurtda öndürilen geýimleriň, aýakgabyň, sport enjamlarynyň önümleriniň, şeýle hem mekdep-ýazuw we kanselýariýa esbaplarynyň köp görnüşlerini teklip edýärler, beýle ýagdaýda nyrhlaryň derejesi giňişleýindir.