Halkara söwdasyny öňe sürmegiň tejribesini öwrenmek maksady bilen.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň söwda bölüminiň hünärmeni, 24-26-nji iýul aralygynda Duşenbede geçen halkara söwda amallaryny ýönekeýleşdirmegiň meselelerine bagyşlanan üç günlük seminara gatnaşdy.

Her ýylda geçirilýän okuw çäresi OBSE Täjigistandaky maksatnamalar ofisi we Birleşen Milletler guramasynyň Ýewropa ykdysadyýet topary tarapyndan gurnaldy.

Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Türkiýäniň döwlet gümrük gulluklarynyň we pudaklarynyň, telekeçilik ulgamynyň wekilleri seminaryň gatnaşyjylary boldylar, olara söwda amallaryny ýönekeýleşdirmegiň esasy gurallaryny we öz ýurtlarynda dünýäniň iň gowy tejribesini we amalyny girizmek üçin degişli usullaryny ulanmagyň çäklerinde özleriniň bilim derejesini ýokarlandyrmaklary üçin mümkinçilik berildi.