Türkmen-gyrgyz hökümetara toparynyň mejlisinde iki ýurduň işewürlik gatnaşyklarynyň meseleleri wajyplaşdyryldy.

30-njy iýulda Aşgabatda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwerlik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary boýunça türkmen-gyrgyz Hökümetara toparynyň (HAK) üçünji mejlisi geçirildi, oňa birnäçe döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şol sanda alyp baryjy pudak ministrlikleriniň we pudaklaryň wekilleri, şeýle hem iki ýurduň işewürleri gatnaşdylar. Toparyň mejlisi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler Birleşmesiniň ýolbaşçysynyň we Gyrgyzystan Respublikasynyň ykdysadyýet ministriniň başlyklyk etmeginde geçdi.

HAK-yň gün tertibine iki taraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň köp meseleleri, şol sanda işewürlik gatnaşyklarynyň meseleleri goşuldy.

TSTB-niň we HAK başlygy türkmen tarapyndan toparyň agzalaryna türkmen we gyrgyz telekeçileriniň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň gelejekki ugurlary barada habar berdi. Hususan hem, türkmen telekeçileriniň agrosenagat ulgamynda, gaýtadan işleýän kärhanalaryň döredilmeginde uly üstünlikleri gazananlary barada bellendi we bilelikdäki kärhanalary döretmegiň mümkinçiligine, şol sanda peýdaly gazylyp alynýan baýlyklary gazyp almak we gaýtadan işlemek boýunça bilelikdäki kärhanalary döretmegiň mümkinçiliklerine seretmäge taýýarlygy bellendi.

Topar belledi, ýagny söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň wajyp ugry, bu iki ýurduň hojalyk subýektleriniň we işewürleri bilen göni aragatnaşyklaryň döremegine ýardam bermekdir, önümçilik birleşmesiniň giňeldilmegi we çuňlaşdyrylmagydyr. Hususan hem, türkmen-gyrgyz hökümetara toparynyň agzalary, ЕС, EAES we Hytaýyň bazarlaryna gönükdirilýän önümleri göýberjek bilelikdäki kärhanalaryň döredilmegini goldamak barada maslahatlaşdylar.

Hökümetara toparynyň üçünji mejlisiniň jemleri boýunça teswirnama gol çekildi, onda iki ýurduň telekeçileriniň bilelikdäki kärhanalaryň döredilmegine ýardam berjekdikleri barada görkezilýär.

Gyrgyz wekiliýetiniň Türkmenistanyň paýtagtyna gelmeginiň çäklerinde, myhmanlar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň iri kärhanalaryna baryp gördüler – “Abadan haly” AGPJ we “Hasar” konditer fabrigine.