Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine möhüm döwlet meseleleriniň çözgüdi ynanyldy.

5-nji iýulda bolup geçen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnanlara ýüzlenip çykyş etdi, onda ýylyň geçen alty aýynyň işileriniň jemine baha berdi, şeýle hem ýakyn gelejekdäki möhüm meseleleri kesgitledi.

Olary durmuşa geçirmekde aýratyn orun milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagyna berilendir.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ykdysadyýetde döwletiň goşandyny azaltmak boýunça we onuň döwlete dahylsyz pudagynyň artdyrylmagyna netijeli çäreleri görmeli. Hususylaşdyrmaga degişli kärhanalaryň sanawyna energetika we ulag-aragatnaşyk pudagyndaky, desgalary we beýleki aýry kärhanalary girizmek zerurdyr. Şunuň bilen baglanyşykly, hususy pudagyň kärhanalary we guramalary şu gün döwlet edaralardan has gowy we netijeli işleýär.

Hususylaşdyrmak boýunça işleri tizleşdirmegiň zerurlygyna üns berip, ýurt baştutany aksiýalary goýmak, gaznalyk bazary emele getirmek we bäsleşýän söwda kärhanalary açmak onuň esasy gurallary bolup durýandygyny nygtady. Türkmen lideri, maýa goýumçylar üçin bu özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gowy mümkinçilik bolup durýandygyny nygtady.

Şu maksatlar bilen, Prezidentimiz «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagyny telekeçileriň garamagyna geçirmek barada karar kabul edilendigi barada habar berdi. Şunuň bilen baglanyşykly döwlet baştutanymyz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygyna «Awazada» sagaldyş we dynç alyş toplumy dolandyrmak boýunça geňeş döretmegi, her bir myhmanhanany we desgany bir ýa-da birnäçe telekeçilere geçirmek barada meseläni çözmegi tabşyrdy we şunuň bilen baglanyşykly ähli resminamalary Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň üsti bilen hasaba almak zerurdygyny belledi.

Telekeçiligi giňden goldamak, milletiň lideri tarapyndan türkmen halkyny ýokary hilli harytlary elýeterli bahadan durnukly üpjünçiligine gönükdirilen çäreleri ara alyp maslahatlaşmak çygrynda hem galdyryldy.