Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri ýapon oba hojalyk öndürijileriň tejribesi bilen tanyşdylar.

Oba hojalyk we agrosenagat toplumy bölüminiň hünärmeni we «Ýunus daýhan» HJ ýolbaşçysy 14-28 iýunda Obihiro şäherinde Halkara hyzmatdaşlygy boýunça Ýapon agentliginiň (JICA) taslamasynyň çäklerinde gurnalan okuw seminaryna gatnaşdylar (Hokkaýdo gubernatorlygyň Tokati okrugy).

Seminaryň temasy – ýaş telekeçileriň arasynda agroişewürlik we agrosyýahatçylygyň ösüşi.

Amalyýet sapaklaryň çäklerinde TSTB-niň wekilleri oba hojalyk işleri alyp barmagyň innowasiýalary bilen, ýapon hyzmatdaşlaryň agrosenagaty alyp barmagyň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşdylar.

Amalyýet sapaklar ferma hojalyklarda, meýdanlarda, maldarçylyk toplumynda, önümçilik sehlarda, şeýle hem oba hojalyk önümleriniň ýerleşdirilen ýerlerinde bolup geçdi.

Günüň dogýan ýurdunda meşhurlyga has-da eýe bolýan agrosyýahatçylyk -seminaryň aýratyn temasy boldy.

Okuw sapaklarynyň çäklerindäki bolup geçen duşuşyklar TSTB-niň wekilleri tarapyndan türkmen oba hojalyk öndürijileriniň eksport mümkinçiliklerini görkezmek üçin ulanyldy.