Tomus ýarmarkalary paýtagtyň ýaşaýjylaryny çagyrýar.

Paýtagtymyzyň “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” we “Bereketli” bazarly söwda merkezleriniň çäklerinde 9-njy iýunda azyk harytlarynyň ýarmarkalary açyldy.

Bu ýerde elýeterli bahalardan hususy oba hojalyk önümlerini öndürijiler – Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan öndürilen gök-miwe önümleriniň dürli görnüşleri hödürlenilýär.

Alyjylar dürli görnüşli we ekologiýa taýdan arassa gök önümlere, miwelere we bakça ekinlerine mynasyp baha bererler. Bu ýerde mundan başgada Size süýji-köke önümlerini we guşçylyk hojalyklarynyň önümlerini – towuk ýumurtgalaryny hödürlärler.

Türkmen halkynyň iýun baýramlaryny hoşniýetli şähtde, bolçulykda we bagtly geçirerler ýaly ýerli telekeçiler bu dabara düýpli taýýarlandylar.