Telekeçiler Tagtabazar etrabynyň ýaşaýjylaryny ýokary hilli agyz suw bilen üpjün etdiler.

6-njy iýunda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň «Ýaşlyk» daýhan birleşmesinde häzirki zaman suw arassalaýjy desgalar toplumy işe girizildi. Bir gije-gündizde 15 müň m3 agyz suw kuwwatlygy bolan täze desgasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy - «Aby-Köwser» HJ tarapyndan amala aşyryldy.

Suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygy bilen ilatly ýerlere turba geçirijiler çekildi. Toplum 60 müňden gowrak adamlary ýokary hilli agyz suw bilen üpjün eder.

Ähli ölçegler bilen halkara standartlara jogap edýän desganyň umumy meýdany 3.2 gektara ybarat. Açyk görnüşli ýörite suw howdanlary «Ýaşlyk» we «Marçak» ýerasty suwlaryň känlerinden gelýän suwlaryň 3 müň m3 suwy öz içine alýar. Tehnologiki ölçegler köpbasgançakly arassalaýyşy, durlanmagy, filtirlenmegi we suwyň zyýansyzlandyrylmagyny göz öňüne tutýar. Şu tapgyrlaryň ählisinde suw zawodyň himiki we bakteriologiki barlaghanalarynda seljermeden geçiriler.

Toplum Çehiýanyň we Türkiýäniň dünýä belli öndürijileriň häzirki zaman sorujy gurnawlaryň, filtirleriň we beýleki häzirki zaman enjamlaryň onlarçasy bilen enjamlaşdyrylan. Täze kärhana kyrk adamy iş bilen üpjün eder.

TSTB-niň agzalary «Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjünçiliginiň Baş meýilnamasyny» durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar, bu bolsa suwy arassalamak boýunça zawodlaryň, suw howdanlaryň, suw geçirijileriň we beýleki gidrotehniki desgalaryň gurluşygynda öz amaly beýanyny tapýar.