Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 2008-nji ýylda döredileni bäri TSTB-niň restoran işewürligi, söwda we hyzmatlary ulgamynda işleýän agzalarynyň ykdysady-önümçilik görkezijileri 2017-nji ýyla çenli Birleşmäniň söwda ulgamyna degişli agza sany 13460 barabar, 2016-nji ýyl bilen deňeşdirilende ösüş depgini 112% deň boldy, işgär sany 41992, 2016-nji ýyl bilen deňeşdirilende 114% deň boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdymyzy 2012-2016-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna 28 sany döwrebap söwda senagat merkezi gurmak üçin ýer bölünip berildi.

Aşgabat şäheriniň Oguzhan köçesiniň 41-nji jaýy salgysynda ýerleşýän “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” söwda merkeziniň durky täzelendi we Birleşmäniň agzalary tarapyndan paýly gurluşyk esasynda goşmaça gurlan desgasynda 900-den gowurak dükanlar halka hyzmat edýär.

Mundan başga-da Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldawlary esasynda, Birleşmäniň agzalary tarapyndan paýly gurluşyk esasynda Aşgabat şäheriniň Atatürk köçesiniň 81-nji jaýy salgysynda ýerleşýän “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezi guruldy. Häzirki wagt “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezinde 350-den gowrak köp ugurly dükanlar, jemgyýetçilik iýmiti aşhanasynyň dürli görnüşleri, kinoteatrlar, çagalar üçin niýetlenen dürli oýunlar, fitnes zal ýerleşip, halkymyza we daşary ýurtly myhmanlara hyzmat edýär.

Şeýle hem 2017-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäheriniň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynyň günbatar tarapyndan 260-dan gowurak dükanly, “Bereketli” bazarly söwda merkezi açylyp işe girizildi. Bu söwda merkezinde gök, et we balyk önümleri hem ýerleşýär.

Mundan başga-da, Birleşmäniň agzalarynyň ýüz tutmalary esasynda, öz serişdeleriniň hasabyna gurmaklyk meýilleşdirilýän söwda merkezleri, toý mekanlary, hyzmat ediş öýleri, awtoulag hyzmat ediş merkezini gurmak üçin ýer böleginiň bölüp berilmeginde ýardam bermek boýunça degişli işler geçirilýär.

Ýokarda beýan edilenleri durmuşa geçirmek boýunça, Birleşmäniň söwda ulgamyna degişli agzalaryna ýardam berildi.

Gelejekde hem, söwda we bazar gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda, söwda we hyzmat işlerinde döwrebap we öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak, hem-de söwdanyň we hyzmatyň döwlete dahylsyz böleginiň ykdysady gatnaşyklaryny kämilleşdirmek boýunça işleri amala aşyrmakda ýardam berildi.

Şeýle hem ýurdumyzda syýahatçylygy ösdürmek boýunça degişli işleri alnyp barylýar. (2016-nji ýylyň dekabr aýynda “Rowaç-AB”, “Halkara dostluk” hususy kärhanalaryna, “Güneşli syýahat”, “Oguzabat”, “Dünýä syýahat” hojalyk jemgyýetlerine syýahatçylyk işi bilen meşgullanmaga ygtyýar berýän ygtyýarnamalary almakda ýardam berildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 10-njy noýabryndaky “Ministrlikleriň we pudak edaralaryň 2018-nji ýylda sergileri, ýarmarkalary, festiwallary we maslahatlary geçirmegi hakynda” 425 belgili kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, 2018-nji ýylyň mart aýynyň 17-18-ne Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisi hem-de  Türkmenistanyň Senagatçylar  we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň maslahaty ýokary derejede geçirildi.