Häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalygyna 600-den gowrak işjeň işleýän senagatçylar girýär (azyk senagaty pudagynda işleýän senagatçylary hasaba almazdan). Milli we halkara tejribäni öwrenip, Birleşmäniň agzalary ilkinji nobatda importyň ornuny tutýan önümleriň we materiallaryň önümçiliklerini ýola goýdular. Senagat pudaklarynyň uly gerimli diwersifikasiýasy munuň netijesi boldy.

Şu günki günde öndürilýän gurluşyk materiallaryň sanawyna şu aşakdakylar girýär:

• Dürli gury gurluşyk garyndylary: kafel ýelimi, şpaklýowka, gips we gazbeton bloklar üçin ýelim;

• Dürli reňklerinde hödürlenýän içki we daşky örtme üçin suw emulsiýasy;

• Kerpiç bloklary;

• Asbest şiferi, demir çerepisa, gaýtadan işlenen çig maldan öndürilen plastiki çerepisa ýaly üçek materiallary;

• Dürli diametrli plastmas turbalar we fitingler;

• Bitum esasda gidroizolýasiýa materiallar: izogam we izobit;

• Kebşirleýji elektrodlar;

• Dürli görnüşli demir beton önümleri: plitalar, diwar we fundament bloklary we ş.m.

Önümçilikleriň başga görnüşleri hem uly depginlerde ösýär:

• Mebelleriň ähli görnüşleriň önümçiligi;

• Plastmas önümleriň önümçiligi, şol sanda: paketler we örtük, çaga oýunjaklary, öý hojalyk esbaplary, süýt önümleri gaplaýjy enjamlar, suw we içgileri guýmak üçin PET görnüşli preformalar we ş.m.;

• Dokma önümleri we halylar;

• Akkumulýatorlar we elektroenjamlar;

• Awtomobiller üçin filtrler;

• Dürli görnüşli kagyzlar we çygly süpürgiçler;

• Sarp edilýän önümleriň ähli görnüşleri, şol sanda: gap-gaç ýuwujy serişdeler, aýakgaplar, kiçiler we ulular üçin gigiýena önümleri, ýelimler we ş.m.

Häzirki wagtda gurluşyk we ulanyşa girizmek tapgyrynda 200-den gowrak zawodlar we fabrikler durýar, bu bolsa öz gezeginde öndürilýän önümleriň görnüşlerini giňeltmäge we täze iş ýerleri döretmäge mümkinçilik berer.