Ýuridik şahslary döwlet tarapyndan bellige almagy kämilleşdirmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

K A R A R Y

 

«11» noýabr 2011 ý.                          № 11896                               Aşgabat ş.

 

Ýuridik şahslary döwlet tarapyndan bellige almagy

kämilleşdirmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2011-nji ýyl, № 11, 1575-nji madda)

 

(Türkmenistanyň Prezidentiniň 04.06.2013 ý. çykaran № 13034 we 21.05.2018 ý. çykaran

№ 778 kararlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

 

Ýuridik şahslary döwlet tarapyndan bellige almagy we olaryň hasabyny ýöretmegi tertipleşdirmek hem-de maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilişine döwlet gözegçiligini güýçlendirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. 1-nji bölüminiň birinji bendi Türkmenistanyň Prezidentiniň 04.06.2013 ý. çykaran № 13034 karary esasynda güýjüni ýitiren.  

Ýuridik şahslary döwlet tarapyndan bellige almagyň we olaryň hasabyny ýöretmegiň Tertibini tassyklamaly (goşulýar).

2. «Edara görnüşindäki taraplary we maýa goýum taslamalaryny döwlet tarapyndan hasaba almagy kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2006-njy ýylyň 8-nji sentýabrynda çykaran 8054-nji kararyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2006-njy ýyldaky 9-njy ýygyndysynyň 1043-nji maddasy) güýjüni ýitiren hasap etmeli.

3. Şu kararyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary A.Goçyýew, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministri B.Hojamämmedow, Türkmenistanyň Maliýe ministri D.Sadykow hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýew gözegçilik etmeli.

 

      Türkmenistanyň                                                       Gurbanguly

            Prezidenti                                                      Berdimuhamedow

 

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň

2011-nji ýylyň 11-nji noýabrynda

çykaran 11896-njy karary bilen

tassyklandy

 

Ýuridik şahslary döwlet tarapyndan bellige almagyň we olaryň

hasabyny ýöretmegiň

TERTIBI

 

(Türkmenistanyň Prezidentiniň 05.12.2013 ý. çykaran № 13351 we 21.05.2018 ý. çykaran

№ 778 kararlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

 

1. Şu Tertip ýuridik şahslaryň, ýuridik şahslaryň şahamçalaryny we wekilliklerini, şeýle hem daşary ýurt ýuridik şahslary, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalary we daşary ýurt ýuridik şahslaryň şahamçalaryny we wekilliklerini, daşary ykdysady aragatnaşyklara gatnaşyjy taraplary (mundan beýläk - bellige alynýanlar) döwlet tarapyndan bellige almagyň, gaýtadan bellige almagyň, bellige almakdan ýüz döndermegiň we ýatyrmagyň (mundan beýläk - bellige almak) tertibini we düzgünlerini kesgitleýär.

2. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýuridik şahslary we maýa goýum taslamalaryny döwlet tarapyndan bellige almak bölümi (mundan beýläk - Bellige alyş bölümi) bellige alynýanlary döwlet tarapyndan bellige alýar we Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawynyň (mundan beýläk - Döwlet sanawy) hasabyny ýöredýär.

3. Guramaçylyk-hukuk görnüşine eýe bolan we Türkmenistanda iş alyp barýan bellige alynýanlar (ýuridik şahslary döretmeýän hususy telekeçilerden başgalar) döwlet tarapyndan bellige alynmaga hem-de Döwlet sanawynda hasaby ýöredilmäge degişlidir.

Türkmenistanyň daşary ýurtlarda bellige alnan kärhanalary, guramalary hem-de edaralary (olaryň şahamçalary we wekillikleri) hem Döwlet sanawynda hasaby ýöredilmäge degişlidir we esaslandyryjylar olar baradaky degişli maglumatlar bilen Bellige alyş bölümini habarly etmäge borçludyr.

 

I. Resminamalary kabul etmegiň, olara garamagyň hem-de bellige almak hakyndaky çözgütleri kabul etmegiň tertibi

 

4. Bellige almak hakynda resminamalar şu Tertibiň talaplaryna laýyk gelen ýagdaýynda Bellige alyş bölümi hem-de Bellige alyş bölüminiň welaýatlardaky we Aşgabat şäherindäki ýerli bölümleri (mundan beýläk - ýerli bölümler) tarapyndan kabul edilýär, bu barada bellige alyş kitabynda degişli ýazgy edilýär.

5. Bellige alynýanlar bellige alynmagy üçin şu Tertipde görkezilen resminamalary özleri ýa-da ygtyýarly wekilleri arkaly Bellige alyş bölümine (onuň ýerli bölümlerine) tabşyrýarlar.

6. Resminamalar döwlet dilinde bolmalydyr. Zerur bolan ýagdaýlarda resminamalaryň Türkmenistanyň çägindäki terjime edaralary tarapyndan tassyklanan rus dilindäki terjimesi tabşyrylýar.

Daşary ýurt maýa goýumlary gatnaşýanlaryň bellige alynýanlary üçin, resminamalar daşary ýurt maýa goýumlary gatnaşýanlaryň öz dillerinde tabşyrylýar we olaryň ýanyna terjime edaralary tarapyndan tassyklanan türkmen ýa-da rus dillerindäki terjimeleri goşulýar.

7. Bellige alyş bölümi (onuň ýerli bölümi) tarapyndan kabul edilen resminamalar talaba laýyklygy boýunça seljerme geçirilmäge degişlidir. Bellige almak bellige alynmak hakyndaky resminamalar kabul edilenden soňra, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen möhletde amala aşyrylýar.

8. Seljermeden geçirilen resminamalar Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň (mundan beýläk -Agentlik) garamagyna netijenama almak üçin ugradylýar.

9-njy bölümi Türkmenistanyň Prezidentiniň 05.12.2013 ý. çykaran № 13351 karary esasynda güýjüni ýitiren.

10. Agentligiň netijenamasy esasynda bellige alynýan barada Bellige alyş bölüminiň başlygynyň (mundan beýläk - baş bellige alyjy) netijesi taýýarlanýar.

11. Agentligiň netijenamasy boýunça taýýarlanan baş bellige alyjynyň netijesiniň esasynda Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan wagtlaýyn göçürme (mundan beýläk - wagtlaýyn göçürme) resmileşdirilýär.

12. Wagtlaýyn göçürme bir aý möhlet bilen berilýär.

13. Bellige alynýana wagtlaýyn göçürme bilen bilelikde Bellige alyş bölümi tarapyndan tassyklanan esaslandyrylyş resminamalary berilýär.

14. Bellige alynýanlaryň statistiki we salgyt hasaplaryny ýöretmegi ýola goýmak hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça ätiýaçlandyrýanlar hökmünde bellige durmak we bank hasaplaryny açmak, bellige almak hakyndaky çözgüt kabul edilenden soňra bir aýyň dowamynda amala aşyrylýar.

15. Statistika, salgyt gullugy we pensiýa gaznasynyň edaralarynda degişli hasaplaryň ýöredilmegi ýola goýlandan we bank hasaplary açylandan soňra, döwlet tarapyndan bellige almak hem-de Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyna girizmek baradaky şahadatnama (mundan beýläk - Şahadatnama) we Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürme (mundan beýläk - Döwlet sanawyndan göçürme) resmileşdirilýär hem-de bellige alynýana berilýär.

Şahadatnama Döwlet sanawyndan göçürme bolmazdan hakyky däldir.

16. Döwlet sanawyndan göçürmä we şahadatnama baş bellige alyjy gol çekýär. Şahadatnamanyň we Döwlet sanawyndan göçürmäniň bir belligealyş sanaw belgisi bolýar. Şahadatnama Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň möhri, Döwlet sanawyndan göçürmä bolsa, Bellige alyş bölüminiň möhri bilen güwä geçilýär.

17. Bellige alyş bölümi tarapyndan resmileşdirilýän resminamalaryň ählisi bellige alynýanlara (onuň esaslandyryjysyna) ýa-da onuň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarly wekiline berilýär.

18. Baş bellige alyjynyň bellige alynýanlaryň ýazmaça ýüztutmasy esasynda wagtlaýyn göçürmäniň möhletini bir aý möhlete uzaltmaga hukugy bardyr.

 

II. Bellige alyş ýygymy we bellige alyş tölegi

 

19. Bellige alyş ýygymy we bellige alyş tölegi bellige alynýanlar (olaryň esaslandyryjylary) ýa-da olaryň ygtyýarly wekili tarapyndan şu Tertibiň goşundysyna laýyklykda tölenýär.

Umumydöwlet ähmiýetli wezipeleri amala aşyrýan döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän edaralar we guramalar bellige alyş ýygymyny we bellige alyş tölegini tölemekden boşadylýarlar.

20. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi şu Tertibiň goşundysynda görkezilen degişli bellige alyş tölegleri tölenen ýagdaýyndabellige almak bilen bagly işleri amala aşyrýar.

Bellige alyş ýygymy Türkmenistanyň Döwlet býujetine;

Bellige alyş tölegi bolsa, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň býujetden daşary hasabyna geçirilýär.

21. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Agentligiň bellige almakdan ýüz döndermek barada beren netijenamasyny ýa-da degişli işleriň ýerine ýetirilmändigi baradaky resmi haty 2 (iki) iş gününiň dowamynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Gazna müdirliginiň dykgatyna ýetirýär.

22. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Gazna müdirligi bellige almakdan ýüz döndermek baradaky çözgüdiň ýa-da degişli işleriň ýerine ýetirilmändigi baradaky resmi hatyň gelip gowşan gününden soňra 3 (üç) iş gününiň dowamynda bellige alyş ýygymyny we bellige alyş tölegini töleýjä gaýtarýar.

23. Bellige alyş ýygymlaryny we bellige alyş töleglerini tölemek hem-de gaýtaryp bermek boýunça bank hyzmatlarynyň çykdajylary töleýjiniň hasabyna degişli edilýär.

24. Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçiliginiň ýuridik şahslaryna döwlet tarapyndan bellige alynmak (gaýtadan bellige alynmak) üçin bellige alyş ýygymynyň we bellige alyş töleginiň ýeňillikli möçberleri bellenýär.

 

III. Bellige almak

 

25. Bellige alynýanlar bellige alynmak üçin resminamalary Bellige alyş bölümine tabşyrmazdan öň, bellige alynmagy meýilleşdirilýän kärhananyň adyny ylalaşmak üçin Bellige alyş bölümine ýazmaça arza bilen ýüz tutýarlar.

Bellige alyş bölümi bellige alynýanlara Türkmenistanyň çäklerinde şol atlandyrylyş bilen başga bir kärhananyň bellige alynmandygyny tassyklaýan delil haty (mundan beýläk - delil hat) berýär.

Kärhananyň ady türkmen dilinde many aňladýan söz ýa-da söz düzümi bolmalydyr we onda gysgaltmalar ulanylmaly däldir.

26. Delil hat 3 (üç) aý möhlet bilen berilýär.

Bellige alynýanyň ýazmaça arzasy esasynda Bellige alyş bölümi delil hatyň möhletini ýene-de 3 (üç) aý möhlete uzaldyp biler.

27. Delil hatyň alynmagy üçin arzanyň ýanyna şu aşakdaky resminamalar goşulýar:

esaslandyryjylaryň pasportlarynyň nusgalary (fiziki şahslar üçin);

esaslandyryjylaryň bellige alyş resminamalarynyň nusgalary (ýuridik şahslar üçin);

bellige alyş töleginiň tölenendigini tassyklaýan resminama.

28. Delil hat degişli adyň bellenen möhletde diňe görkezilen bellige  alynýan tarapyndan kärhananyň ady hökmünde ulanylyp bilinýändigine güwä geçýär.

 

Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralaryny, döwlet kärhanalaryny, edaralaryny we guramalaryny, olaryň şahamçalaryny we wekilliklerini

bellige almak

 

29. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýa-da öz ygtyýarlyklaryna laýyklykda beýleki döwlet edarasynyň çözgüdi bellige alyş amallaryny geçirmek we täze esaslandyrylan döwlet kärhanalary, edaralary we guramalary hakyndaky maglumatlary Döwlet sanawyna girizmek üçin esas bolup durýar.

30. Bellige alynmak üçin şu resminamalar berilýär:

bellige almak hakyndaky arza;

döwlet edarasyny, kärhanasyny we guramasyny esaslandyrmak hem-de onuň tertipnamasyny (düzgünnamasyny) tassyklamak baradaky çözgüt;

iki nusgada esaslandyryş tertipnamasy ýa-da düzgünnamasy;

esaslandyryjynyň esaslandyrylyş resminamalarynyň nusgasy (ýuridik şahslar üçin);

hukuk salgysynyň tassyk haty (degişli şäher we etrap häkimlikleri tarapyndan berilýär);

ýolbaşçynyň şahsy kagyzy, pasportynyň nusgasy, wezipä bellenmegi baradaky buýrugyň nusgasy;

goýuma nyrh kesmek baradaky resminama (pul görnüşinde bolmadyk goýumly kärhana esaslandyrylan ýagdaýynda);

bellige alynýanyň maýalyk goruny tassyklaýan resminama;

statistika edarasynyň bellige alynýanyň göz öňünde tutýan ykdysady iş görnüşleri baradaky maglumat haty (Kärhanalaryň we guramalaryň ykdysady işleriniň görnüşlerine we şertli belgilerine laýyklykda);

bellige alyş ýygymynyň tölenendigini ýa-da tölemekden boşadylandygyny tassyklaýan resminama.

 

Jemgyýetçilik birleşiklerini we dini guramalary bellige almak

 

31. Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan berilýän bellige alnandygy hakyndaky şahadatnama täze esaslandyrylan jemgyýetçilik birleşikleri we dini guramalar hakyndaky maglumatlary Döwlet sanawyna girizmek üçin esas bolup durýar.

32. Döwlet sanawyna maglumatlary girizmek üçin şu resminamalar berilýär:

bellige almak hakyndaky arza;

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan bellige alnandygy hakyndaky şahadatnamanyň nusgasy;

esaslandyryjylaryň çözgüdi (esaslandyrmak, tertipnamany (düzgünnamany) tassyklamak, ýolbaşçy bellemek);

iki nusgada esaslandyryş tertipnamasy (düzgünnamasy);

esaslandyryjynyň esaslandyryş resminamalarynyň nusgasy (ýuridik şahslar üçin);

hukuk salgysynyň tassyk haty (degişli şäher we etrap häkimlikleri tarapyndan berilýär);

ýolbaşçynyň şahsy kagyzy, pasportynyň nusgasy, wezipä bellenmegi baradaky buýrugyň nusgasy;

bellige alyş ýygymynyň tölenendigini tassyklaýan resminama;

Türkmenistanyň çäklerinden daşarda düzüm birliginiň - guramanyň, bölümiň (şahamçanyň), wekilligiň bardygyny tassyklaýan resminama (halkara jemgyýetçilik birleşigi bellige alnan ýagdaýynda);

daşary ýurt döwletiniň çäklerinde esaslandyrylan esasy jemgyýetçilik birleşiginiň esaslandyryş resminamalarynyň kepillendiriş edaralarytarapyndan güwä geçilen nusgasy (Türkmenistanyň çäklerinde daşary ýurt jemgyýetçilik birleşikleriniň düzüm birlikleri bellige alnan ýagdaýynda).

33. Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan bellige alnandygy hakyndaky çözgüdiň kabul edilen senesine garamazdan, bellige alynýan Bellige alyş bölümi tarapyndan Döwlet sanawyna girizilen pursadyndan başlap, hukuk derejesine eýe bolýar.

 

Jemgyýetçilik birleşiginiň kärhanalaryny bellige almak

 

34. Jemgyýetçilik birleşikleriniň kärhanalary hakyndaky maglumatlary Döwlet sanawyna girizmek üçin şu resminamalar berilýär:

bellige almak hakyndaky arza;

esaslandyryjynyň kärhanany esaslandyrmak, oňa ýolbaşçy bellemek, onuň tertipnamasyny (düzgünnamasyny) tassyklamak baradaky çözgütleriniň nusgalary;

iki nusgada esaslandyryş tertipnamasy (düzgünnamasy);

esaslandyryjynyň esaslandyrylyş resminamalarynyň nusgalary;

hukuk salgysynyň tassyk haty (degişli şäher we etrap häkimlikleri tarapyndan berilýär);

ýolbaşçynyň şahsy kagyzy, pasportynyň nusgasy, wezipä bellenmegi baradaky buýrugyň nusgasy;

goýuma nyrh kesmek baradaky resminama (pul görnüşinde bolmadyk goýumly kärhana esaslandyrylan ýagdaýynda);

maýalyk gorunyň bir böleginiň tölenendigini tassyklaýan resminama;

bellige alyş ýygymynyň tölenendigini tassyklaýan resminama;

statistika edarasynyň bellige alynýanyň göz öňünde tutýan ykdysady iş görnüşleri baradaky maglumat haty (Kärhanalaryň we guramalaryň ykdysady işleriniň görnüşlerine we şertli belgilerine laýyklykda);

esaslandyryjynyň Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan bellige alnandygy hakyndaky şahadatnamasynyň nusgasy.

 

Alyjylar jemgyýetlerini, alyjylar jemgyýetleriniň birleşigini, alyjylar jemgyýetleriniň kärhanalaryny bellige almak

 

35. «Alyjylar kooperasiýasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny we Alyjylar jemgyýetleriniň paýçylarynyň , umumy ýygnagynyň teswirnamasybellige alyş amallaryny geçirmek we täze esaslandyrylan alyjylar jemgyýetlerini, alyjylar jemgyýetleriniň birleşigini, alyjylar jemgyýetleriniň kärhanalaryny bellige almak hakyndaky maglumatlary Döwlet sanawyna girizmek üçin esas bolup durýar.

36. Bellige alynmak üçin şu resminamalar berilýär:

bellige almak hakyndaky arza;

alyjylar jemgyýetlerini, alyjylar jemgyýetleriniň birleşigini, alyjylar jemgyýetleriniň kärhanalaryny esaslandyrmak baradaky we tertipnamalaryny (düzgünnamalaryny) tassyklamak baradaky karar ýa-da teswirnama;

iki nusgada esaslandyryş tertipnamasy (düzgünnamasy);

esaslandyryjynyň esaslandyryş resminamalarynyň nusgalary;

hukuk salgysynyň tassyk haty (degişli şäher we etrap häkimlikleri tarapyndan berilýär);

ýolbaşçynyň şahsy kagyzy, pasportynyň nusgasy, wezipä bellenmegi baradaky buýrugyň nusgasy;

maýalyk gorunyň bir böleginiň tölenendigini tassyklaýan resminama;

statistika edarasynyň bellige alynýanyň göz öňünde tutýan ykdysady iş görnüşleri baradaky maglumat haty (Kärhanalaryň we guramalaryň ykdysady işleriniň görnüşlerine we şertli belgilerine laýyklykda);

bellige alyş ýygymynyň tölenendigini tassyklaýan resminama.

 

Türkmenistanyň karz edaralaryny we olaryň şahamçalaryny, daşary ýurt karz edaralarynyň şahamçalaryny hem-de wekilliklerini bellige almak

 

37. Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan kabul edilen bellige alynmagy hakyndaky çözgüt Türkmenistanyň täze esaslandyrylan karzedaralary we olaryň şahamçalary, daşary ýurt karz edaralary we olaryň şahamçalary hem-de wekillikleri hakyndaky maglumatlary Döwlet sanawyna girizmek amallaryny geçirmek üçin esas bolup durýar.

38. Türkmenistanyň karz edaralarynyň we olaryň şahamçalarynyň, şeýle hem daşary ýurt karz edaralarynyň şahamçalarynyň we wekillikleriniňbellige alnandygy hakyndaky maglumatlary Döwlet sanawyna girizmek amallaryny Bellige alyş bölümi geçirýär.

39. Bellige alynmak üçin şu resminamalar berilýär:

bellige almak hakyndaky arza;

bellige alnandygy hakyndaky Türkmenistanyň Merkezi bankynyň çözgüdiniň nusgasy;

esaslandyryjy bank edarasynyň karz edarasyny esaslandyrmak, oňa ýolbaşçy bellemek, onuň tertipnamasyny (düzgünnamasyny) tassyklamak baradaky çözgüdiniň nusgasy;

Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan tassyklanan esaslandyryş tertipnamasy (düzgünnamasy) üç nusgada;

esaslandyryjynyň esaslandyrylyş resminamalarynyň (tertipnama, düzgünnama) nusgalary;

hukuk salgysynyň tassyk haty (degişli şäher we etrap häkimlikleri tarapyndan berilýär);

ýolbaşçynyň şahsy kagyzy, pasportynyň nusgasy, wezipä bellenmegi baradaky buýrugyň nusgasy;

bellige alyş ýygymynyň tölenendigini tassyklaýan resminama.

40. Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellige alnandygy hakyndaky çözgüdiň kabul edilen senesine garamazdan, bellige alynýan Belligealyş bölümi tarapyndan Döwlet sanawyna girizilen pursadyndan başlap, hukuk derejesine eýe bolýar.

 

Daýhan birleşiklerini bellige almak

 

41. «Daýhan birleşikleri hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny täze döredilen daýhan birleşiklerini bellige almak we olar hakyndaky maglumatlary Döwlet sanawyna girizmek üçin esas bolup durýar.

42. Bellige alynmak üçin şu resminamalar berilýär:

bellige almak hakyndaky arza;

esaslandyryjynyň daýhan birleşigini esaslandyrmak, oňa ýolbaşçy bellemek, onuň tertipnamasyny (düzgünnamasyny) tassyklamak baradaky çözgüt;

iki nusgada esaslandyryş tertipnamasy;

daýhan birleşiginiň ýolbaşçysynyň şahsy kagyzlary we pasport nusgalary;

hukuk salgysynyň tassyk haty (degişli şäher we etrap häkimlikleri tarapyndan berilýär);

goýuma nyrh kesmek baradaky resminama (pul görnüşinde bolmadyk goýumly kärhana esaslandyrylan ýagdaýynda);

maýalyk gorunyň bir böleginiň tölenendigini tassyklaýan resminama;

statistika edarasynyň bellige alynýanyň göz öňünde tutýan ykdysady iş görnüşleri baradaky maglumat haty (Kärhanalaryň we guramalaryň ykdysady işleriniň görnüşlerine we şertli belgilerine laýyklykda);

bellige alyş ýygymynyň tölenendigini tassyklaýan resminama.

 

Daýhan hojalyklaryny bellige almak

 

43. «Daýhan hojalygy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny we esaslandyryjynyň çözgüdi täze esaslandyrylan daýhan hojalyklaryny Bellige almak we olar hakyndaky maglumatlary Döwlet sanawyna girizmek üçin esas bolup durýar.

44. Bellige alynmak üçin şu resminamalar berilýär:

bellige almak hakyndaky arza;

esaslandyryjynyň daýhan hojalygyny esaslandyrmak, oňa ýolbaşçy bellemek, onuň tertipnamasyny tassyklamak baradaky çözgüdi;

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ýer serişdeler gullugynyň tassyknamasy;

oba hojalyk maksatly ýerleriň berkidilmegi hakyndaky degişli häkimligiň çözgüdi;

iki nusgada esaslandyryş tertipnamasy;

daýhan hojalygynyň esaslandyryjylarynyň, ýolbaşçysynyň şahsy kagyzlary we pasport nusgalary;

hukuk salgysynyň tassyk haty (degişli şäher we etrap häkimlikleri tarapyndan berilýär);

goýuma nyrh kesmek baradaky resminama (pul görnüşinde bolmadyk goýumly kärhana esaslandyrylan ýagdaýynda);

maýalyk gorunyň bir böleginiň tölenendigini tassyklaýan resminama;

statistika edarasynyň bellige alynýanyň göz öňünde tutýan ykdysady iş görnüşleri baradaky maglumat haty (Kärhanalaryň we guramalaryň ykdysady işleriniň görnüşlerine we şertli belgilerine laýyklykda);

daýhan hojalygynyň ady baradaky delil hat;

bellige alyş ýygymynyň tölenendigini tassyklaýan resminama.

 

Döwlete dahylsyz kärhanalary (daşary ýurt maýa goýumlary

gatnaşýan kärhanalar muňa girmeýär), olaryň şahamçalaryny

 we wekilliklerini bellige almak

 

45. Esaslandyryjynyň (esaslandyryjylaryň) çözgüdi (teswirnamasy) täze esaslandyrylan döwlete dahylsyz kärhanalary, olaryň şahamçalaryny we wekilliklerini bellige almak hem-de olar hakyndaky maglumatlary Döwlet sanawyna girizmek üçin esas bolup durýar.

46. Bellige alynmak üçin şu resminamalar berilýär:

arza;

esaslandyryjynyň kärhanany esaslandyrmak, oňa ýolbaşçy bellemek, onuň tertipnamasyny (düzgünnamasyny) tassyklamak baradaky çözgüdi;

esaslandyryjylaryň esaslandyrylyş şertnamasy (eger esaslandyryjylar şahsy taraplar bolan ýagdaýynda resminama döwlet kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanýar, eger esaslandyryjylar ýuridik şahslar bolsa, resminama Bellige alyş bölümi tarapyndan tassyklanýar);

iki nusgada esaslandyryş tertipnamasy (düzgünnamasy);

hukuk salgysynyň tassyk haty (degişli şäher we etrap häkimlikleri tarapyndan berilýär);

esaslandyryjynyň we ýolbaşçynyň şahsy kagyzy, pasportynyň nusgasy, wezipä bellenmegi baradaky buýrugyň nusgasy;

goýuma nyrh kesmek baradaky resminama (pul görnüşinde bolmadyk goýumly kärhana esaslandyrylan ýagdaýynda);

maýalyk gorunyň bir böleginiň tölenendigini tassyklaýan resminama;

statistika edarasynyň bellige alynýanyň göz öňünde tutýan ykdysady iş görnüşleri baradaky maglumat haty (Kärhanalaryň we guramalaryň ykdysady işleriniň görnüşlerine we şertli belgilerine laýyklykda);

esaslandyryjynyň esaslandyrylyş resminamalarynyň (tertipnama, düzgünnama) nusgalary (esaslandyryjy ýuridik şahs bolan ýagdaýynda);

Bellige alyş bölümi tarapyndan kärhananyň adyny tassyklaýan delil hat;

bellige alyş ýygymynyň tölenendigini tassyklaýan resminama;

jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary (olaryň şahamçalary), dükanlary, dermanhanalary bellige alnanda tehniki taýdan üpjün edilendigini tassyklaýan delil hat.

 

 

Daşary ýurt maýa goýumlary gatnaşýan kärhanalary,

olaryň şahamçalaryny we wekilliklerini, şeýle hem daşary ýurt ýuridik şahslaryň şahamçalaryny we wekilliklerini bellige almak

 

47. Esaslandyryjynyň (esaslandyryjylaryň) çözgüdi (teswirnamasy), Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi (kärhananyň maýalyk gorunadöwletiň gatnaşmagynda esaslandyrylanda) täze esaslandyrylan daşary ýurt maýa goýumlarynyň gatnaşmagyndaky kärhanalar we daşary ýurt ýuridikşahslaryň şahamçalaryny we wekilliklerini bellige almak hem-de olar hakyndaky maglumatlary Döwlet sanawyna girizmek üçin esas bolup durýar.

Daşary ýurt maýa goýumlarynyň gatnaşmagyndaky kärhanalary, olaryň şahamçalaryny we wekilliklerini, daşary ýurt ýuridik şahslaryň şahamçalaryny we wekilliklerini bellige almak Bellige alyş bölümi tarapyndan geçirilýär.

48. Bellige alynmak üçin şu resminamalar berilýär:

bellige almak hakyndaky arza;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi (kärhananyň maýalyk goruna döwletiň gatnaşmagynda esaslandyrylanda);

esaslandyryjynyň kärhanany esaslandyrmak, oňa ýolbaşçy bellemek, onuň tertipnamasyny (düzgünnamasyny) tassyklamak baradaky çözgüdi;

iki nusgada esaslandyryş tertipnamasy (düzgünnamasy);

iki nusgada esaslandyryjylarynyň esaslandyryş şertnamasy (eger esaslandyryjylar şahsy taraplar bolan ýagdaýynda resminama döwlet kepillendirişedarasy tarapyndan tassyklanýar, eger esaslandyryjylar ýuridik şahslar bolsa, resminama Bellige alyş bölümi tarapyndan tassyklanýar);

eger Türkmenistan gatnaşyjysy bolan halkara ylalaşygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, daşary ýurtly esaslandyryjynyň Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edarasy tarapyndan ýa-da Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde bellenen tertipde kanunylaşdyrylan tertipnamasynyň nusgasy;

eger Turkmenistan gatnaşyjysy bolan halkara ylalaşygynda başgaça göz oňünde tutulmadyk bolsa, daşary ýurtly esaslandyryjynyň Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edarasy tarapyndan ýa-da Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde bellenen tertipde kanunlaşdyrylan, ýuridik şahsyň ýerleşýän ýerindäki söwda sanawyndan daşary ýurtly esaslandyryjy baradaky bellige alyş göçürmesiniň we bankyň ündew hatynyň asyl nusgalary (Esaslandyryjylar daşary ýurt şahsy taraplar bolan ýagdaýynda, bankyň ündew hatyny asyl nusgada we pasportynyň göçürme nusgasyny berýärler);

goýuma nyrh kesmek baradaky resminama (pul görnüşinde bolmadyk goýumly kärhana esaslandyrylan mahaly)

maýalyk gorunyň bir böleginiň tölenendigini tassyklaýan resminama;

hukuk salgysynyň tassyk haty (degişli şäher we etrap häkimlikleri tarapyndan berilýär);

statistika edarasynyň bellige alynýanyň göz öňünde tutýan ykdysady iş görnüşleri baradaky maglumat haty (Kärhanalaryň we guramalaryň ykdysady işleriniň görnüşlerine we şertli belgilerine laýyklykda);

esaslandyryjynyň we ýolbaşçynyň şahsy kagyzy we pasportynyň nusgasy;

şahamçanyň, wekilligiň ýolbaşçysyna berilýän, bellenen tertipde resmileşdirilen ynanç hat;

Bellige alyş bölümi tarapyndan kärhananyň adyny tassyklaýan delil hat;

daşary ýurt ýuridik şahslaryň Türkmenistana gelmezden ozal daşary ýurtlarda alyp baran işleri baradaky maglumat;

bellige alyş ýygymynyň tölenendigini tassyklaýan resminama.

 

IV. Ýuridik şahslaryň maglumatlarynyň üýtgemegi we onuň gaýtadan bellige alynmagy

 

49. Ýuridik şahslaryň işiniň gaýtadan guralmagy, hukuk guramaçylyk görnüşiniň, esaslandyryjylaryň düzüminiň, iş görnüşleriniň, hukuk salgysynyň, maýalyk gorunyň, şeýle hem esaslandyryjynyň adynyň üýtgemegi we bellige alnanyň esaslandyryş resminamalaryndaky başga düýpli üýtgetmeler gaýtadan bellige almak üçin esas bolup durýar.

50. Gaýtadan bellige alynmak üçin şu resminamalar berilýär:

gaýtadan bellige almak baradaky arza (daşary ýurt bellige alynýanlar üçin erkin görnüşde we terjime edaralary tarapyndan terjimesi bilen bilelikde);

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kärhanany gaýtadan bellige almagyň ähli sebäpleri görkezilen teswirnama, çözgüt;

esaslandyryş resminamalarynyň asyl nusgasy;

täze tertipnama (düzgünnama) ýa-da oňa goşulmalar;

esaslandyryjylaryň esaslandyrylyş şertnamasy;

goýuma nyrh kesmek baradaky resminama (pul görnüşinde bolmadyk goýumly kärhana esaslandyrylan ýagdaýynda);

maýalyk goruny tassyklaýan resminama;

hukuk salgysynyň tassyk haty (degişli şäher we etrap häkimlikleri tarapyndan berilýär);

esaslandyryjynyň (şahsy tarap bolan ýagdaýynda) we ýolbaşçynyň şahsy kagyzy we pasportynyň nusgasy;

esaslandyryjylaryň düzümine girmek we çykmak baradaky degişli taraplaryň arzalary (döwlet kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan);

salgyt gullugy, pensiýa gaznasynyň edaralaryndan we hyzmat ediji banklardan bergileriniň (2-nji tekje boýunça) ýokdugyny tassyklaýan resminama;

kabul ediş-tabşyryş ykrar haty, bölüş maliýe hasabaty;

metbugatda çap edilen bildiriş (gaýtadan guralanda, adynyň üýtgemeginde, maýalyk gorunyň azalmagynda);

statistika edarasynyň bellige alynýanyň göz öňünde tutýan ykdysady iş görnüşleri baradaky maglumat haty (Kärhanalaryň we guramalaryň ykdysady işleriniň görnüşlerine we şertli belgilerine laýyklykda);

gaýtadan bellige almak üçin bellige alyş ýygymynyň tölenendigini tassyklaýan resminama;

esaslandyryjynyň aradan çykan ýagdaýynda, döwlet kepillendiriş edarasy tarapyndan berilýän mirasdüşerlik şahadatnamasynyň nusgasy;

eger Türkmenistan gatnaşyjysy bolan halkara ylalaşygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, daşary ýurtly esaslandyryjynyň Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edarasy tarapyndan ýa-da Türkmentistanyň Daşary işler ministrliginde bellenen tertipde kanunylaşdyrylan tertipnamasynyň nusgasy;

eger Türkmenistanyň gatnaşyjysy bolan halkara ylalaşygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, daşary ýurtly esaslandyryjynyň Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edarasy tarapyndan ýa-da Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde bellenen tertipde kanunylaşdyrylan, ýuridik şahsyň ýerleşýän ýerindäki söwda sanawyndan daşary ýurtly esaslandyryjy baradaky bellige alyş göçürmesiniň we bankyň ündew hatynyň asyl nusgalary (esaslandyryjylar daşary ýurt şahsy taraplar bolan ýagdaýynda, bankyň ündew haty asyl nusgada we pasportlarynyň nusgalary).

51. Gaýtadan bellige alynmagy üçin esas ýüze çykanyndan soň, resminamalar bir hepde möhletde bellige alynýan tarapyndan onuň bellige alnan ýerindäki Bellige alyş bölümine (ýerli bölümine) berilýär.

52. Gaýtadan bellige almak Bellige alyş bölümi tarapyndan geçirilýär, Pudagara topar hakyndaky düzgünnamada görkezilen ýagdaýlarda bolsa, Pudagara toparyň çözgüdinden soň geçirilýär.

53. Bellige alynýanyň esaslandyrylyş resminamalaryndaky üýtgetmeler baradaky maglumatlar Döwlet sanawyna girizilýär.

 

V. Bellige almakdan ýüz döndermek

 

54. Şu ýagdaýlarda bellige almakdan ýüz öwürmäge ýol berilýär:

bellige alynýanyň işiniň görnüşi Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilen bolsa;

bellige alynýany esaslandyrmak baradaky çözgüt Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelmeýän bolsa;

Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenen beýleki halatlarda.

55. Bellige almakdan ýüz döndermek baradaky esaslandyrylan ýazmaça habarnama bellige alynmak üçin hödürlenen resminamalar bilen bilelikde bellige alynýana gaýtarylyp berilýär.

 

VI. Sanawdan çykarmak

 

56. Bellige alnan işini bes eden ýa-da ýatyran ýagdaýlarynda Bellige alyş bölümi ony Döwlet sanawyndan çykarmak amalyny geçirýär.

Eýesiniň (eýelerini) ýa-da kazyýetiň bellige alnany ýatyrmak hakyndaky çözgüdi, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly bellenen beýleki esaslar Döwlet sanawyndan çykarmak üçin esas bolup durýar.

57. Sanawdan çykarmak üçin ygtyýarly edilen edara tarapyndan şu resminamalar berilýär:

esaslandyryjy (esaslandyryjylar) tarapyndan arza (erkin görnüşde);

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda teswirnama ýa-da başga bir resminama görnüşinde kärhanany (şahamçany, wekilligi) ýatyrmak hakyndaky çözgüt, ýa-da Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň (esaslyk maýa goruna döwletiň gatnaşýan kärhanalary babatda), ýa-da öz ygtyýarlyklaryna laýyklykda beýleki döwlet edarasynyň çözgüdi;

esaslandyryş resminamalarynyň asyl nusgalary;

ýatyrylmagy hakyndaky habaryň metbugatda çap edilmeginiň tassyklamasy;

Türkmenistanyň Döwlet býujetine bergisiniň ýokdygy barada salgyt gullugynyň delilhaty;

Pensiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça bergisiniň ýokdugy barada pensiýa gaznasynyň delil haty;

bank edarasyna karzlary (2-nji tekje) boýunça bergisiniň ýokdugy barada bankyň delilhaty;

ýapylyş maliýe hasabaty;

auditor netijesi (döwlete degişli däl eýeçilikdäki kärhanalar üçin);

ýatyrylyş ykrar haty.

58. Şahamçalary, wekilligi ýatyrmak üçin şu resminamalar berilýär:

esaslandyryjy (esaslandyryjylar) tarapyndan arza (erkin görnüşde);

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şahamçany, wekilligi ýatyrmak hakyndaky teswirnama ýa-da çözgüt;

esaslandyrylyş resminamalarynyň asyl nusgalary.

59. Hödürlenýän resminamalar Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyk gelýändigi babatda barlanylmaga degişlidir, şonuň netijesi boýunça Bellige alyş bölümi Döwlet sanawyndan çykarmak ýa-da çykarmakdan ýüz döndermek barada netijenama düzýär, Türkmenistanyňkanunçylygynda göz öňünde tutulan halatynda, Agentligiň garamagyna berilýär we Agentligiň netijenamasy alnandan soň geçirilýär.

60. Sanawdan çykarmak baradaky netijenama esasynda taýýarlanan wagtlaýyn göçürme salgyt gullugy, statistika we pensiýa gaznasynyňedaralaryna bellige alnanlary salgyt, statistika we pensiýa gaznasynyň hasaplaryndan çykarmak, şeýle hem hyzmat edýän banka hasaby ýapmak üçin esas bolup durýar.

61. Bellige alynýanlar ýatyrylanda Bellige alyş bölümi tarapyndan berlen wagtlaýyn göçürmede degişli statistika, salgyt gullugy we pensiýa gaznasynyň edaralaryndan hasaplardan aýyrmak we bank edarasyndaky hasaplaryny ýapmak baradaky bellikler goýulýar.

Sanawdan göçürmä Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine möhrüň tabşyrylandygy baradaky bellikler bilen, döwlet edaralary, kärhanalary we guramalary, olaryň şahamçalary üçin Türkmenistanyň Döwlet arhiwiniň hem belligi goýulýar.

Bellige alyş bölümi görkezilen amallar tamamlanandan soň, Döwlet sanawyndan çykarmagy resmileşdirýär.

62. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň sanawdan göçürmeleriň hereket edýän döwründe bellige alnanyň öz tertipnamasynda (düzgünnamasynda) göz öňünde tutulan işi bellenen tertipde amala aşyrmaýandygy barada ýeterlik esas bolan halatynda, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen beýleki halatlarda bellige alnany mejbury ýagdaýda ýapmak we ony Döwlet sanawyndan çykarmak hakynda kazyýete talap arzasyny ýollamaga hukugy bardyr (şu Tertibiň 79-njy bölümi muňa degişli däldir).

63. Kazyýet bellige alnany ýapmak hakyndaky çözgüt çykaran halatynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi kazyýet çözgüdiniňkazyýet tarapyndan güwä geçilen nusgasynyň esasynda netijäni resmileşdirýär, bellige alnany Döwlet sanawyndan çykarýar, bu barada ony degişlilikde salgyt, statistika we pensiýa ätiýaçlandyrmasy babatda hasapdan aýyrmak, şeýle hem hasaby ýapmak üçin salgyt gullugynyň edarasyny, statistika edarasyny, pensiýa gaznasynyň edarasyny we hyzmat ediji banky habardar edýär.

 

VII. Döwlet sanawyny ýöretmek

 

64. Döwlet sanawy bellenen usulyýet we maksatnamalaýyn-tehniki ýörelgelerde düzülen, Türkmenistanda bellige alnan kärhanalar, edaralar we guramalar hakyndaky maglumatlary häsiýetlendirýän, alamatlarynyň jemi boýunça olaryň her birini deňeşdirip görmäge mümkinçilik berýän ulgamdan hem-de şol kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň düzüm sanawy görnüşindäki döwlet maglumat beriş ulgamyndan ybaratdyr.

65. Şular Döwlet sanawyny ýöretmegiň esasy maksatlarydyr:

Türkmenistanda kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň döwlet tarapyndan ýeke-täk hasabyny we maglumatlar binýadyny, şeýle hem olar hakyndaky maglumatlaryň gündelik üýtgemeginiň hasabyny ýöretmek;

bellige alnan kärhanalara, guramalara we edaralara döwlet gözegçiligini üpjün etmek;

bellige alnan döwlete dahylsyz ýuridik şahslaryň ahyrky peýda alyjylaryň hasabyny ýöretmek.

66. Döwlet sanawy bellige alynýanlara laýyk gelýän bölümlerden ybarat bolýar.

Döwlet sanawynyň her bir bölümindäki maglumatlar bir bitewi maglumat goruny düzýär, ol bolsa ýuridik şahslary döwlet tarapyndan belligealmak (gaýtadan bellige almak ýa-da ýatyrmak) üçin hödürlenýän resminamalaryň esasynda düzülýär.

67. Hasaby ýöredilýäniň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakyndaky, şeýle hem onuň gaýtadan guralmagy, ýatyrylmagy, üýtgemegi bilen baglanyşykly ýa-da Döwlet sanawynda beýan edilmäge degişli beýleki alamatlar boýunça ol hakyndaky maglumatlaryň üýtgemegi baradaky maglumatlar hökmany tertipde Döwlet sanawyna girizilmäge degişlidir.

68. Baş bellige alyjy Döwlet sanawyna goşulan maglumatlaryň doludygy we ygtybarlydygy üçin jogapkärçilik çekýär.

 

VIII. Möhümleşdirmek (gündelik üýtgetmeleri bellige alyş we olaryň hasabyny ýörediş halatyny tassyklamak)

 

69. Bellige alynýanlaryň maglumatlarynyň gündelik üýtgemeginiň hasabyny ýöretmek üçin, Bellige alyş bölümi möhümleşdirmek (döwlet tarapyndan bellige alnandygyny we olary öz tertipnamalarynda (düzgünnamalarynda) göz öňünde tutulan işi amala aşyrýandygyny tassyklamak) işlerini sanawdan göçürmäniň möhletini uzaltmak, bellenmek hem-de göçürmäni çalyşmak arkaly amala aşyrýar.

70. Sanawdan göçürmeleriň hereket edýän möhleti 3 (üç) ýyl diýlip bellenýär.

71. Umumydöwlet ähmiýetli wezipeleri amala aşyrýan merkezi döwlet edaralary we guramalary üçin sanawdan göçürmeleriň hereket edýän möhleti bellenmeýär.

72. Sanawdan göçürme bellige alynýanlaryň bellige alnan senesinden beýläk degişli möhlet bilen berilýär.

Sanawdan göçürmäniň möhleti onuň tamamlanan möhletinden beýläk degişli möhlet bilen uzaldylýar.

73. Sanawdan göçürmeleriň hereket edýän möhletiniň tamamlanan ýagdaýynda, bellige alynýanlar üçin sanawdan göçürmäniň möhletini uzaltmak hökmany amal bolup durýar.

74. Bellige alynýanlar sanawdan göçürmäni möhümleşdirmek üçin bellenen möhletiniň tamamlanmagyna 14 (on dört) iş güni öňünden Bellige alyş bölümine şulary bermelidir:

arza (erkin görnüşi);

sanawdan göçürmäniň asyl nusgasy, degişli edaralaryň bellikleri bilen;

esaslandyryjylaryň we ýolbaşçynyň şahsy kagyzlary, pasport nusgalary we onuň wezipä bellenmegi hakyndaky çözgüdiň nusgasy;

esaslyk maýanyň tölenendigini tassyklaýan resminama;

hukuk salgysynyň tassyk haty (degişli şäher we etrap häkimlikleri tarapyndan berilýär);

esaslandyryjynyň sanawdan göçürmesiniň nusgasy;

bellige alynýanyň öz tertipnamasynda (düzgünnamasynda) göz öňünde tutulan işi amala aşyrýandygy baradaky maglumat haty;

sanawdan göçürmäniň möhletini uzaltmak üçin bellige alyş töleginiň tölenendigini tassyklaýan resminama.

75. Bellige alyş bölümi, bellige alynýanlaryň sanawdan göçürmesindäki maglumatlaryň üýtgemegi bilen baglanyşykly arzalary we tölegleri esasynda sanawdan göçürmäni çalşyp berýär.

76. Daşary ýurt ýuridik şahslaryň, şahamçalaryň we wekillikleriň bellige alynmagy (akkreditasiýa) üçin şu resminamalar berilýär:

bellenmek baradaky arza (bellige alynýan tarapyndan erkin görnüşde we terjime edaralary tarapyndan terjimesi bilen bilelikde);

şahadatnamanyň asyl nusgasy;

bellige alynýanyň öz tertipnamasynda (düzgünnamasynda) göz öňünde tutulan işi amala aşyrýandygy baradaky maglumat haty;

ýolbaşçynyň şahsy kagyzy we pasportynyň nusgasy;

ýolbaşçynyň esaslandyryjy tarapyndan berlen, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda düzülen ynanç hatynyň nusgasy;

salgyt gullugy edaralaryndan we hyzmat ediji banklardan bergileriniň (2-nji tekje boýunça) ýokdygyny tassyklaýan resminama;

hukuk salgysynyň tassyk haty (degişli şäher we etrap häkimlikleri tarapyndan berilýär);

bellenmek üçin bellige alyş töleginiň tölenendigini tassyklaýan resminama.

Daşary ýurt ýuridik şahslar, şahamçalar we wekillikler 3 (üç) ýyl möhlet bilen bellige (akkreditasiýa) alynýar.

77. Şu Tertibiň 73-nji we 75-nji bölümlerinde görkezilen resminamalar bellenen möhletde tabşyrylmadyk ýagdaýynda, degişli resminamalaryň ýanyna bellige alynýanyň esaslandyrylan sebäbi görkezilen düşündiriş haty goşulýar.

78. Bellige alynýanlar öz wagtynda resminamalaryny möhümleşdirmedik ýagdaýynda her goýberilen döwür üçin şu Tertibiň goşundysyna laýyklykda bellige alyş töleglerini töleýär.

79. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi möhümleşdirmek üçin resminamalaryň berilmedik ýagdaýynda sanawdan göçürmäniň tamamlanan senesinden 12 (on iki) soňra resmi metbugatda bellige alynýanlara olaryň işini togtatmak barada 2 (iki) aý möhlet bilen duýduryş berýär.

80. Möhümleşdirmek üçin resminamalar sanawdan göçürmäniň möhletiniň tamamlanan senesinden soňra, 14 (on dört) aýyň içinde berilmedikýagdaýynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň bellige alynýanlary ýatyrmak üçin mejbury tertipde kazyýetiň çözgüdi esasynda bes etmek üçin meseläni gozgamaga haky bardyr. Bellige alynýanlary kazyýetiň çözgüdi esasynda ýatyrýar we bu barada köpçülikleýin habar berişserişdelerinde çap edilýär hem-de salgyt gullugynyň edaralaryna, statistika edaralaryna, hyzmat ediji degişli banklara we içeri işler edaralaryna habar berilýär.

 

IX. Türkmenistanyň daşary ykdysady aragatnaşyklara gatnaşyjylaryny bellige almak

 

81. Bellige alynýanlaryň arzasy Türkmenistanyň daşary ykdysady aragatnaşyklara gatnaşyjysyny bellige almak üçin esas bolup durýar.

Türkmenistanyň daşary ykdysady aragatnaşyklara gatnaşyjysyny (kiçi we orta telekeçilige degişliler muňa girmeýär) bellige almak Bellige alyş bölümi tarapyndan geçirilýär.

82. Bellige alynmak üçin şu resminamalar berilýär:

ýuridik şahslar üçin:

arza;

bellige alynýanlaryň tertipnamasynyň (düzgünnamasynyň) we sanawdan göçürmesiniň nusgalary;

bellige alyş ýygymynyň tölenendigini tassyklaýan resminama;

ýuridik şahsy döretmeýän hususy telekeçiler üçin:

arza;

hususy telekeçiniň bellige alnandygy we salgyt hasabyna goýlandygy hakyndaky şahadatnamalaryň nusgalary;

hususy telekeçi tarapyndan patent töleginiň tölenendigine şaýatlyk edýän patent nusgasy;

statistika edarasynyň maglumat hatynyň we güwänamasynyň nusgalary;

hususy telekeçiniň pasportynyň nusgasy;

bellige alyş ýygymynyň tölenendigini tassyklaýan resminama.

83. Daşary ykdysady aragatnaşyklary amala aşyrmak üçin Bellige alyş bölümi tarapyndan Türkmenistanyň daşary ykdysady aragatnaşyklara gatnaşyjysynyň şahadatnamasy 3 (üç) ýyl möhlet bilen berilýär.

84. Şahadatnama baş bellige alyjy gol çekýär we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň möhri bilen güwä geçilýär.

 

X. Bellige alyş bölüminde hasabatlylyk

 

85. Her bir hasabat aýynyň tamamlanmagy boýunça baş bellige alyjy ýerli bölümleriň bellige alyjylarynyň hasabatlary esasynda Bellige alyş bölüminiň işi hakyndaky jemleýji hasabaty düzýär.

86. Jemleýji hasabat şulardan ybaratdyr:

jemleýji hasabatyň tassyklanan günündäki ýagdaý boýunça döwlet sanawyna goşulan bellige alnanlaryň umumy sany hakyndaky bölümden;

hasabat döwründe bellige alnanlaryň sany hakyndaky bölümden;

hasabat döwründe gaýtadan bellige alnanlaryň sany hakyndaky bölümden;

hasabat döwründe bellige almakdan ýüz döndermeler hakyndaky maglumatlardan;

hasabat döwründe Döwlet sanawyndan çykarylan bellige alnanlar hakyndaky maglumatlardan;

hasabat döwründe bellige alnanlaryň, gaýtadan bellige alynýanlaryň we Döwlet sanawyndan çykarylanlaryň sany hakyndaky bölümden;

Bellige alyş bölüminiň gündelik işiniň beýleki meseleleri boýunça maglumatlardan.

87. Ýuridik şahslaryň döwlet tarapyndan bellige alynmagy we hasabynyň ýöredilmegi hakyndaky gündelik maglumatlar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine onuň bellän her bir hasabat senesinde berilýär.

88. Ýuridik şahslaryň döwlet tarapyndan bellige alynmagy, gaýtadan bellige alynmagy, ýatyrylmagy we hasabynyň ýöredilmegi hakyndakyhasabat (Döwlet sanawynyň maglumatlary boýunça) Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bellenen hasabat senesinde Türkmenistanyň Merkezi bankyna, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetine we ygtyýarly edilen beýleki edaralara bellenen tertipde tassyklanan hasabatlylyk görnüşi boýunça berilýär.

 

XI. Bellige almagyň beýleki meseleleri

 

89. Bellige alyş bölüminiň ýerli bölümleriniň bellige alyjylaryny Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri wezipä belleýär we wezipeden boşadýar hem-de olar öz işinde baş bellige alyja hasabat berýär.

Baş bellige alyjyny Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri wezipä belleýär we wezipeden boşadýar. Baş bellige alyjy öz işinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrine hasabat berýär.

90. Bellige alynýanlara salgyt, statistiki şertli belgilerini bermek we bankda hasaplary açmak, pensiýa gaznasynyň edarasynda bellige durmakamaly Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, degişli döwlet edaralary tarapyndan düzgünleşdirilýär.

91. Gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen resminama, şeýle hem emlägi kireýine (kärendä, mugt peýdalanmaga) almak şertnamasy ýa-da onuň baglaşylmagyny durmuşa geçirýän meýiller şertnamasy (ýa-da bellige alynýanlaryň hukuk salgysyny şäherleriň we etraplaryň häkimlikleriniň öz garamagyndaky binalar, jaýlar babatda amala aşyrýan tassyknamasy) arza berijiniň hukuk salgysyny tassyklaýan resminamalar bolup durýar.

Bellige alynýanlaryň guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan, olaryň hukuk salgylaryny şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri arza berlenden soň, 1 (bir) iş gününden gijä galman tölegsiz esasda tassyklaýar.

92. Ýörite (toplaýjy) hasaplaryna pul serişdeleriniň geçirilendigi hakyndaky bankyň delil haty, auditor netijesi, baha kesijiniň baha kesmek hakynda hasabatyň dogrudygyny, kärhana döwlet tarapyndan bellige alynýança maýalyk goruň esaslandyryjy tarapyndan tölenendigini tassyklaýan resminamalar bolup durýar.

93. Baş bellige alyjynyň iş zerurlygy boýunça şu Tertipde göz öňünde tutulmadyk beýleki resminamalary sorap almaga hukuklary bardyr.

94. Bellige alyş bölümi esaslandyryş resminamalarynyň nusgalaryny bellige alyş tölegleri esasynda kepillendirýär.

95. Bellige alyş bölümi tarapyndan berilýän esaslandyryş resminamalarynyň ýitirilen, zaýalanan ýagdaýlarynda bu barada metbugatda çap edilýär we bellige alynýanlaryň arzasy, düşündirişi, bellige alyş töleglerini tölemegi esasynda esaslandyryş resminamalarynyň öwezlikleri berilýär.

96. Şularyň görnüşleri Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri tarapyndan tassyklanýar we Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan bellenen tertipde bellige alynýar:

Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan wagtlaýyn göçürmesiniň;

Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesiniň;

döwlet tarapyndan bellige almak hem-de Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyna girizmek baradaky şahadatnamasynyň;

Türkmenistanyň daşary ykdysady aragatnaşyklara gatnaşyjysynyň şahadatnamasynyň;

bellige almak we gaýtadan bellige almak hakyndaky arzanyň;

Türkmenistanyň çäklerinde şol atlandyrylyş bilen başga bir kärhananyň bellige alynmandygyny tassyklaýan delil hatyň.

97. Ýuridik şahslary döwlet tarapyndan bellige almagyň we olaryň hasabyny ýöretmegiň şu Tertipde beýan edilmedik beýleki meseleleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan düzgünleşdirilýär.

 

 

 

Ýuridik şahslary döwlet tarapyndan

bellige almagyň we olaryň

hasabyny ýöretmegiň

Tertibine goşundy

Bellige alyş ýygymlarynyň we bellige alyş tölegleriniň

möçberleri

 

 Bellige almagyň (gaýtadan bellige almagyň görnüşleri)

Ölçeg birligi

Belligealyş ýygymy

Bellige alyş tölegi

Daşary ýurt maýa goýumlarynyň gatnaşmagyndaky kärhanalary bellige almak

manat

8000

 

Daşary ýurt ýuridik şahslaryň şahamçalaryny we wekilliklerini bellige almak

manat

8000

 

Daşary ýurt maýa goýumlarynyň gatnaşmagyndaky kärhanalaryň şahamçalaryny we wekilliklerini bellige                     almak

manat

2000

 

Daşary ýurt maýa goýumlarynyň gatnaşmagyndaky kärhanalary, olaryň şahamçalaryny we wekilliklerini gaýtadan bellige  almak

manat

2000

 

Daşary ýurt maýa goýumlary gatnaşmaýan kärhanalary, şahamçalary we wekillikleri bellige almak⃰

manat

200

 

Daşary ýurt maýa goýumlary gatnaşmaýan kärhanalary, şahamçalary we wekillikleri gaýtadanbellige almak⃰

manat

100

 

Daýhan hojalyklaryny, daýhan birleşiklerini, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerini bellige almak

manat

100

 

Daýhan hojalyklaryny, daýhan birleşiklerini, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerini gaýtadan bellige almak

manat

100

 

Daşary ykdysady işe gatnaşyjyny bellige                     almak

manat

1800

 

Daşary ýurt ýuridik şahslaryň şahamçalaryny we wekilliklerini resmi taýdan bellemegiň möhletini uzaltmak

manat

 

6 000

Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmäniň möhletini uzaltmak

manat

 

50

Bellige alynmak bilen bagly şahadatnamalaryň we esaslandyryş resminamalarynyň öwezliklerini resmileşdirmek

manat

 

50

Bellige alynmak bilen bagly resminamalaryň nusgalaryny kepillendirmek we degişli delil hatlary bermek

manat

 

10

Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmäni çalşyp bermek

manat

 

10

 

*Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçiliginiň ýuridik şahslary görkezilen bellige alyş ýygymyny 50% möçberde töleýärler.