Birleşmäniň agzalary, olaryň hukuklary we borçlary

1. Birleşmäniň agzalarynyň deň hukuklary we deň borçlary bardyr.

2. Eýeçiligiň hususy görnüşi esasynda telekeçilik işini amala aşyrýan Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň  fiziki we ýuridik şahslary Birleşmäniň agzalary bolup bilerler.

3. Fiziki şahslar öz ýazmaça arzasyny esasynda ýuridiki şahslar bolsa öz ýolbaşçylary arkaly gol çekilen arzalary esasynda Birleşmäniň agzalygyna kabul edilýär.Agzalyga kabul etmek Müdiriýet tarapyndan amala aşyrylýar.

Ýerlerde Birleşmäniň agzalygyna kabul etmek hukugy Birleşmäniň sebitleýin bölümlerine (şahymçalaryna we wekiliklerine)berilip bilner.

4. Birleşmäniň agzalarynyň şulara hukugy bardyr:

- şu Tertipnama bilen bellenilen tertipde Birleşmäniň ýolbaşçy edaralarynyň işine we olary düzmäge,şol sanda öz wekilleriniň üsti bilen gatnaşmaga;

- Birleşmäniň,onuň ýolbaşçy we gözegçilik edaralarynyň işi hakyndaky zerur maglumatlary almaga;

- ykdysady syýasata degişli meseleler boýunça Birleşmäniň garaýşyny emele getirmäge we onuň işiniň esasy ugurlaryny kesgitlemäge gatnaşmaga;

- Birleşmäniň maslat beriji,geňeşdarlyk we beýleki edaralarynyň işine gatnaşmaga;

- Şu tertipnama we Birleşmäniň beýleki resminamalary bilen kesgitlenilýän tertipde Birleşmäniň ýolbaşçy edaralaryna tertipleri girizmäge.Birleşmäniň işini kämilleşdirmek hakyndaky meseleler garamaga hem-de şolar boýunça çözgütleri kabul etmäge;

- Birleşmäniň işini ýa-da onuň aýry-aýry çärelerini maliýeleşdirmek üçin meýletin gatançlaryny girizmäge;

- Birleşmäniň agzalygyndan erkin çykmaga;

- Türkmenistanyň kanunçylygy we şu Tertipnama bilen göz öňünde tutulan beýleki hukuklary amala aşyrmaga

5. Birleşmäniň agzalary şulara borçludyr :

- Şu tertipnamanyň düzgünleri, Birleşmäniň ýolbaşçy edaralarynyň çözgütlerini ýerine ýetirmäge, agzalaryň köplüginiň garaýşyna hormat goýmaga we ony goldamaga, Birleşmäniň maksatlaryny hem-de wezipelerini durmuşa geçirmäge işeňňir gatnaşmaga;

- Birleşmä onuň maksatlaryny we wezipelerini ýerine ýetirmek üçin zerur bolan,gizlin bolmadyk maglumatlary bermäge;

- Konferensiýanyň çözgüdi bilen bellenilen möhletlerde we möçberlerde agzalyk gatançlaryny tölemäge;

- Birleşmäniň kärhanalarynyň işi bilen baglanşykly maglumatlary aýan etmezlige;

- Birleşmäniň Tertipnamasyny,özara gatnaşyklaryň etikasyny bozýan bereketleri,şeýle hem Birleşmä moral we maddy zelel ýetirýän hereketleri amala aşyrmazlyga.

6. Birleşmäniň agzalary agzalyk gatançlaryny tölemändigi üçin, Birleşmäniň maksatlaryna ters gelýän iş üçin, şeýle hem Birleşmäniň abraýdan gaçyrýan, oňa moral we maddy taýdan zelel ýetirýän hereketler üçin agzalykdan çykarlyp bilner.

7. Birleşmäniň agzalygyndan çykarmak Konferensiýa tarapyndan geçirilýär. Agzalykdan çykarmak baradaky çözgüt boýunça kazyýete şikaýat edilip bilner.