Ýurduň tebigy baýlyklaryň özleşdirilmegi – hususy işewürligiň ösüşi üçin gelejek.

Türkmenistanyň ykdysady strategiýasyny ýerine ýetirmekde himiýa senagatyna wajyp orun berilýär. Şunuň bilen baglanyşykly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «himiýa senagatynyň ägirt uly çeşme potensialyny, polimetallaryň, beýleki gazylyp alynýan magdanlaryň baý känleriniň bolmagyny hasaba alyp, biz mundan beýläk hem gelejegi bolan pudaga aýratyn üns bereris» diýip belleýär.

2018-nji ýylyň 16-njy martynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň on ýyllygyna bagyşlanan hususy işewürligiň wekilleri bilen bolup geçen duşuşykda, Türkmenistanyň Prezidenti 2018-2024-nji ýyllar üçin Kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça Döwlet meýilnamany tassyklap, Karara gol çekdi. Bu resminamada ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kaliý känlerini özleşdirmek we Köýtendag etrabynyň (Lebap welaýaty) çäklerinde kaliý hloridyň ýyldaky kuwwatlygy 700.000 tonnadan az bolmadyk dag magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinatyň gurluşygy bellenildi. Bu taslamanyň ýerine ýetirilmegi 2021-nji ýylda tamamlanmaly.

Kaliý, azot we fosfor bilen bir hatarda ösümlikler üçin esasy üç sany iýmitlenme komponentleriniň biri bolup durýandygyny hünärmenlere bellidir. Oba hojalykda azyk ekinleri ösdürmek üçin kaliý birleşmeleriň ýerini tutjak maddalar ýok. Onuň esasy wezipesi – enzimleriň işläp çykmasyny işjeňleşdirmek we katalitiki reaksiýalaryň amala aşmagyna ýardam bermek. Ösümliklerde ol fotosintezi güýçlendirýär, hlor bolsa toprakdan adam üçin zyýanly nitratlaryň we radionuklidlaryň düşmegine päsgel berýär. Şunda diňe kaliý bilen bilelikde azot dökünleriň özleşdirilmegi 1.5-3 esse gowlanýar. Ýeterlikli kaliý iýmitlenmesi has ýokary hasyllary almaga ýardam edýär, ösümlikleriň zyýankeşlere, kesellere, doňaklyklara we gurakçylyga bolan garşylyk görkezmek ukybyny artdyrýar.

Kaliý dökünler, esasan, hlorly kaliý, kaliý sulfat we kaliý nitrat hökmünde bolýar. Esasy bölegi kaliý hlorid bolup durýar. Bölekleriň ölçeglerine baglylykda hlorly kaliýniň görnüşlerinde granulirlenen, uly däneli, adaty, ownuk, tozga önümler bar.

Kaliý duzlaryň umumy dünýä gorlaryň möçberi 80 mlrd. tonna, tassyklanylan möçberi – 20 mlrd. tonna Olaryň iň uly känleri Kanadada, Russiýada, Belarus döwletinde, Germaniýada, Fransiýada, ABŞ-de ýerleşýär. Iň köp umumy we tassyklanan gorlar Türkmenistanda ýerleşýär.

Kaliý duzlaryň ägirt uly gorlaryň barlygyna garamazdan, olaryň aýratynlygy dünýä ýurtlary boýunça juda deň bolmadyk ýerleşmeginden ybarat. Häzirki wagt 13 döwletde ýerleşýän takmynan 50 sany känler ulanylýar.

Kaliý dökünleriň önümçiligi gazylyp çykarmagyň we işlenilmegiň konsentrasiýasynyň ýokary derejesi bilen häsiýetlendirilýär. Kaliý önümçilik üçin ulanylýan gorlaryň 80 göterimden gowragy jemi dört döwlete düşýär – kaliý dökünleriň uly öndürijileri bolan Kanada (Potash Corporation we Agrium), Russiýa («Uralkaliý» APJ we «Silwinit» APJ), Belorus döwleti («Belaruskaliý» RUK ÖB) we Germaniýa (Kali&Salz).

1999-2007 ýyllar içinde dünýäde entäk görülmedik hlorly kaliýiň sarp edilmegiň ösüşi bolup geçdi. Käbir ýagdaýlarda sarp etmeklik dünýä önümçilik derejesinden hem artýardy. Mineral dökünleriň öndürijileriniň Halkara Assosiasiýasynyň (IFA) bilermenleriniň baha bermegine görä, umuman 1999-njy ýyldan 2006-njy ýyla çenli dünýäde hlorly kaliýniň sarp edilmegi 20 göterim artdy (8 million tonndan artyk haryt).

Dökünlere bolan islegiň artmagynyň esasy sebäpleriniň biri işlenilen oba hojalyk meýdanlarynyň çalt arryklamasy we täze meýdanlaryň haýal işlenilmegi bolup durýar. Işlenilen ýerleriň mukdary 1950-nji we 2000-nji ýyllaryň aralygynda dünýäde adam başyna hasabynda 40 göterim azaldy we indiki onýyllyklaryň dowamynda azalmagynyň dowam etjegi garaşylýar. Bu ýagdaý klimatyň üýtgemegi we urbanizasiýanyň ösüşi ýaly birnäçe faktorlar bilen düşündirilýär. Şular ýaly ýagdaýda ilaty iýmit bilen üpjün etmek üçin oba hojalyk ekinleriň hasyllylygyny artdyrmak zerurdyr.

Kaliý dökünleriň önümçiliginiň ösüşini şertlendirýän beýleki faktorlar şulardyr: ilatyň durnukly ösüşi, däne ekinlerine islegiň artmagy, bioenergetikanyň ösüşi.

Hlorly kaliý, fosfor we azot dökünleri bilen deňeşdirilende, döwürleýinlige sezewar bolmaýar, sebäbi olardan tapawutlylykda onuň önümçiligi has az mukdarda tebigy gazyň bahalaryna baglydyr. Şonda hem, soňky ýyllarda dünýäde kaliý dökünleriň bahalarynyň durnukly ösmegi bellenilýär.

Pudak analitikler bioetanolyň we biodizeliň önümçiliginiň artmagyny çaklaýarlar. Bioýangyjyň önümçiliginiň möçberleriniň ösüşi dökünleriň bahalarynyň ösmegine eltýär, sebäbi oba hojalyk ekinler onuň çig maly bolup durýar: şeker çiňrigi, mekgejöwen, däne, ýagly ekinler, raps. Energiýanyň alternatiw çeşmesi hökmünde bioýangyjyň önümçiligi üçin möhüm howplar ýok, we şu ugur bütin dünýäde goldaw tapýar.

Indiki 10 ýylyň dowamynda ýetilen baha görkezijileriň tendensiýasy saklanar diýip çaklanýar. Onuň sebäpleri:

-    Bioýangyjyň önümçilik möçberleriniň artmagy;

-    Däne üçin bahalaryň galmagy;

-    Gämileri kireýine tutmak bahasynyň artmagy, sebäbi kaliý deňeşdirilende sany sebitleriň çäklendirilen sanynda öndürilýär, isleg bolsa bütin dünýäde bar.

Ýerleriň häzirki mukdarynda dökünleri ulanmazlyk, eýýäm şu wagt diňe 3 milliard adamdan köp bolmadyk ilaty eklemäge ýeterdi, planetanyň ilaty bolsa 7 milliard töwerek bolup durýar.

BMG maglumatyna görä, 2020-nji ýylda ýer şaryň ilaty 7.7 milliard adama ýeter. Sürüm ýerleriň meýdanlary adam başyna azalar: 2000-nji ýyldaky 22.8 ýüz m2 meýdanyň deregine 2020-nji ýyla çenli 18.3, 2050-nji ýyla çenli – diňe 7 ýüz m2 galar.

Ýeri önümli ulanmagy ýokarlandyrmak, şol sanda dökünleri ulanmak arkaly, azyk howpsuzlyk meseleleriň ýeketäk çözgüdi bolup durýar. Kaliý dökünleriň esasy möçberi däneli ekinlere berilýär (52 göterim), 18.4 göterim - tehniki, 17.6 göterim - iým ekinlere we 8 göterimi - ýer alma ekinlere berilýär.

Analitiklaryň maglumatlaryna görä, indiki ýyllaryň dowamynda kaliý dökünlerine bolan isleg ýylda 3-4 göterim öser, Hytaý, Hindistan, Braziliýa ýaly käbir döwletlerde bolsa, ol 5 göterimden hem artar. Şeýlelikde, her ýyl kaliý dökünleriň azyndan 1.5 million tonna mukdary gerek bolar, bu bolsa orta kaliý magdany we magdanlary baýlaşdyryjy fabrikanyň işe girizilmegi bilen deň bolar.

Maglumat üçin: Hytaýda kaliý dökünleriň sarp edilmegi 10-10.5 million tonndan ybarat, Braziliýada – 6.5 million tonna, Hindistanda – 8.0 million tonna.

Umuman alnanda, kaliý dökünleriň önümçiligi ýokary netijeli we ýokary girdejili önümçilik bolup durýar. Kaliý öndürijileriň bäsleşige ukyplylygy önümçiligiň özüne düşýän gymmatynyň derejesi bilen kesgitlenilýär.

Özüne düşýän gymmatyna täsir edýän esasy faktorlar mineral çig malyň hili we ýerleşýän ýerine baglydyr, hususan-da:

1.  Magdandaky peýdaly komponentiniň düzümi.

2.  Käniň görnüşi (ýatagyň çuňlugy, suwlulygy, gatlaryň kuwwaty we ş.m.)

3.  Arassalamak üçin harajatlary köpeldýän magdandaky goşundylar, hlorly magniýniň görnüşi.

Eksport edijiler üçin möhüm orun tutýan bahanyň beýleki faktory, ony daşamak üçin bolan harajatlary bolup durýar. Kaliý öndürijiler önümçiligiň gurluşygyny nirede amala aşyrmak boýunça ýer saýlamaga mümkinçiligi ýok, sebäbi ol çig malyň çeşmesiniň ýerleşýän ýerine bagly we olaryň harajatlary ýeterlik derejede eksport boýunça harajatlaryň logistiki bölegi bilen kesgitleniler.

Ýangyç-energetiki çeşmeleriň bahasynyň ýokarlanmagy boýunça bellenen tendensiýa kaliý dökünleriň önümçiligine harajatlar derejesiniň üýtgemegine getirjek göni gatnaşygyny tapýar. Kaliý dökünleriň önümçiligi, ýangyç-energetiki çeşmeleriň sarp edilmegiň ýokary derejesi bilen häsiýetlendirilýär – önümçiligiň öz-özüne düşýän bahasyndaky ÝEÇ derejesi 22 göterime ybaratdyr.

Ýokarda beýan edilen faktorlardan ugur alyp, ilkinji hususy dag magdanlary baýlaşdyryjy kombinatyň Leýlimekan (Týubegatan) käninde gurulmagy ykdysady taýdan esaslandyrylan, maýa goýumlaryň ýokary derejedäki netijeli taslama hasaplanylýar. Şu maksat bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan «Türkmen kaliý» paýdarlar jemgyýeti tassyklanyldy we häzirki döwürde görkezilen kaliý duzlary özleşdirmek üçin taýýarlyk işler alnyp barylýar.