Ýurdumyzyň telekeçileriniň önümlerini dünýä bazaryna çykarmakda hem Hormatly Prezidentimiz tarapyndan uly işler alnyp barylýar. Bu giň möçberli meseläniň oňyn çözgüdine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň halkara gatnaşyklary bölümi hem işjeň gatnaşýar. Kiçi we orta telekeçiligiň wekilleriniň biziň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara sergilere hem-de işewür maslahatlaryna giňden gatnaşmagy, şeýle hem özara bähbitli işewürlik gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berýän dürli duşuşyklaryň we okuw maslahatlarynyň geçirilmegi bu ugurdan ösüşli ädimlere itergi berýär.

Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly parahatçylyksöýüji doganlyk halklaryň we ýurtlaryň gatnaşmagynda geçirilen şeýle çärelere baý ýyl boldy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we agzalary daşary ýurtlara iş sapary bilen gidýän hökümet wekiliýetiniň düzümine goşuldylar. Şeýle iş saparlarynda birleşmäniň agzalarynyň daşary ýurtly işewürler, halkara guramalaryň wekilleri, diplomatlar, iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary indi däbe öwrüldi. Olarda ikitaraplaýyn işewür gatnaşyklarynyň ösdürilmegine degişli möhüm meseleleriň çözgüdi giň beýan tapýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan her ýylyň mart aýynda geçirilýän halkara sergi, şeýle hem pudaklaýyn gözden geçirişler, wideo şekilli görkezmeler, maglumat-mahabat işleri, öz hyzmatlaryňa itergi bermek, tejribe alyşmak we täze hyzmatdaşlaryň ýüze çykmagy üçin amatly bolup durýar. Türkmen telekeçileriniň 2015-nji ýylda gazanan üstünlikleri Milan şäherinde geçirilen «EKSPO-2015» Bütindünýä sergisinde, Türkiýe Respublikasynda geçirilen 84-nji halkara Izmir sergi-ýarmarkasynda, Pekin şäherinde geçirilen dördünji Halkara maýa goýum we maliýe sergisinde hem giňden açyp görkezildi. Birleşmäniň agzalary Rumyniýada geçirilen Türkmenistanyň ykdysadyýet güni, Türkiýe Respublikasynda geçirilen Türkmenistanyň Halkara maýa goýum forumy ýaly iri halkara forumlaryň wekiliýet düzümine hem goşuldylar.