I. Umumy düzgünler


1.1. Mundan beýläk «Birleşme» diýlip atlandyrylýan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi jemgyýetçilik guramasy bolup, agzalyga esaslanýan, birleşen raýatlaryň - Türkmenistanyň telekeçileriniň umumy bähbitlerini goramak hem-de tertipnamalaýyn maksatlaryny gazanmak üçin bilelikdäki işlemegiň esasynda döredilen meýletin, öz-özüni dolandyrýan jemgyýetçilik birleşmesidir.

Guramanyň täze doly resmi ady:

türkmen dilinde - «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi» jemgyýetçilik guramasy;

Rus dilinde - Общественная организация «Союз промышленников и предпринимателей Туркменистана»;

Iňlis dilinde - «The Union of Industrialists and Entrepreneurs of Turkmenistan»;

Guramanyň gysgaldylan resmi ady:

Türkmen dilinde -TSTB;

Rus dilinde - СППТ;

Iňlis dilinde - TUIE.

Birleşme Türkmenistanyň Konstitusiyasynyň, Türkmenistanyň Raýatlar kanunynyň, «Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda», «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalarynyň esasynda işleyär.

1.2. Birleşme telekeçi däl ýuridik şahs bolup durýar.

1.3. Birleşme edara görnüşli tarap bolup, Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan jemgyýetçilik guramalary üçin göz öňünde tutulan hukuklaryndan peýdalanýar we jogapkärçilik çekýär.

1.4. Birleşme öz adyndan emläk we şahsy emläk däl hukuklary edinip we jogapkärçilikleri çekip, kazyýetde talapkär we jogapkär bolup biler . Birleşme tertipnamalaýyn maksatlaryna ýetmegiň bähbitleri üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda geleşikleri amala aşyrýar.

1.5. Birleşme eýeçilik hukugynda özüne degişli aýrybaşgalanan emläge eýelik edýär, öz borçnamalary boýunça şol emläk bilen jogap berýär. Birleşmäniň özüne degişli aýrybaşgalanan emlägi we özbaşdak balansy, bank edaralarynda manatlardaky hem-de daşary ýurt pulunda hasaplary, öz ady ýazylan möhüri bar. Birleşme Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde döwlet tarapyndan bellige hem-de hasaba alynmaga degişli bolan öz nyşanlaryny edinmäge haklydyr.

1.6. Birleşmäniň işi meýletinlik, öz agzalarynyň deňhukuklylygy, öz-özüni dolandyrmak we kanunylygyň ýörelgelerine esaslanýar. Birleşme bellenilen kanunçylygyň çäklerinde öz içki düzümini, öz işiniň görnüşlerini we usullaryny kesgitlemekde erkindir.

1.7. Birleşme öz işine degişli meseleler boýunça döwlet häkimiýet edaralary, döwlet, jemgyýetçilik we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýär.

1.8. Birleşme milli jemgyýetçilik guramasydyr, Birleşmäniň ýolbaşçy edarasynyň ýerleşýän ýeri Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil etraby, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 174-nji jaýy.

1.9. Ulanylýan kanunçylyga laýyklykda Birleşmäniň edara görnüşli tarap hukuk ukyby Türkmenistanyň Adalat ministrliginde döwlet tarapyndan bellige alnan we ol hakyndaky maglumatlar Edara görnüşli taraplaryň ýeke-täk döwlet sanawyna girizilen pursatyndan başlap yüze çykýar.

1.10. Birleşmäniň işi ayandyr, onuň dörediş we maksatnamalaýyn resminamalary baradaky maglumatlar bolsa umumy ýagdayda elýeterlidir.


II. Birleşmäniň esasy maksatlary, esasy wezipeleri we işleri


2.1. Birleşmäniň esasy maksatlarydyr şulardyr:

1.    ykdysadyýetiň we bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam etmek;

2.    häzirki zaman senagat we telekeçilik infrastrukturasyny emele getirmek, ykdysadyýetiň hususy sektoryny ösdürmek;

3.    täze iş ýerlerini döretmek, ilatyň iş bilen üpjünçiligini we telekeçilik işjeňligini ýokarlandyrmak.

2.2. Şular Birleşmäniň esasy wezipeleri bolup durýar:

1.    Birleşmäniň agzalarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak;

2.    senagat we beýleki önümçilik düzümlerini, tehnoparklaryň, tehnopolisleriň, täjirçilik-inkubatorlaryň ulgamlaryny, önümçilik-tehniki merkezlerini, innowasiýa işiniň merkezlerini we gaýry bazar düzümlerini döretmäge ýardam bermek;

3.    agrosenagat toplumynyň we ykdysadyýetiň oba hojalyk sektorynda telekeçiligiň ösmegine ýardam bermek;

4.    Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliginiň ösmegine ýardam bermek;

5.    importyň ýerini tutýan we eksporta niýetlenen önümiň we tehnologiýalaryň täze görnüşleriniň önümçiligini we bazara çykarylmagyny goldamak;

6.    telekeçiligiň subýektlerine, şol sanda kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine işgärleri taýýarlamakda, gaýtadan taýýarlamakda we olaryň hünärlerini ýokarlandyrmakda, şol sanda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda hünärmenleriň hünärmençilik okuwyny we stažirowkasyny guramak arkaly ýardam bermek;

7.    Birleşmäniň agzalarynyň-telekeçiligiň subýektleriniň daşary ykdysady işe, sebitara hyzmatdaşlyga gatnaşmaklaryna, şeýle hem olaryň eksport mümkinçiliginiň artmagyna ýardam bermek;

8.    jemgyýetiň we döwletiň ykdysady we sosial ösüşiniň has möhüm meseleleri boýunça Birleşmäniň agzalarynyň tutýan ornuny emele getirmek;

9.    Birleşmäniň agzalarynyň harytlarynyň (işleriniň, hyzmatlarynyň) döwlet tarapyndan satyn alynmagyna gatnaşmagyny üpjün etmek.

2.3. Birleşmäniň işleri:

1.Birleşme şu Kanunda kesgitlenilen maksatlaryna we wezipelerine laýyklykda şu aşakdaky işleri amala aşyrýar

1.    Birleşmäniň agzalarynyň adyndan hereket edýär we olaryň döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerli häkimiýet edaralary, Türkmenistandaky we onuň çäginden daşardaky beýleki ýuridik şahslar bilen gatnaşyklarynda olaryň kanuny bähbitlerine ynanç hatsyz wekilçilik edýär;

2.    Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde we möçberlerde döwlet edaralarynyň çözgütlerini işläp düzmäge gatnaşýar;

3.    ykdysadyýetiň döwlete degişli däl sektorynyň ösüş maksatnamalarynyň jemgyýetçilik bilermenler seljermesini amala aşyrýar;

4.    öz ygtyýarlylygyna girýän meseleler boýunça Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamaga gatnaşýar;

5.    telekeçiligiň, şol sanda kiçi we orta telekeçiligiň ýagdaýyny seljerýär, Türkmenistanda ony ösdürmegiň höweslendiriliş çäreleri hakynda teklipleri işläp düzýär;

6.    umumy döwlet ylmy-barlag işlerine we işläp düzmelere gatnaşmagyny hem goşmak bilen, ylmy we innowasiýa telekeçilik işini ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryna gatnaşýar;

7.    döwlet emläginiň döwletden aýrylmagynyň we hususylaşdyrylmagynyň döwlet maksatnamasyna gatnaşýar;

8.    täze senagat we beýleki önümçilik düzümlerini, tehnoparklaryň, tehnopolisleriň, täjirçilik-inkubatorlaryň ulgamlaryny, önümçilik-tehniki merkezlerini, innowasiýa işiniň merkezlerini we gaýry bazar düzümlerini döretmek boýunça çäreleri amala aşyrýar we beýlekiler;

9.    Birleşmäniň agzalarynyň arasyndaky jedellere kazyýetde seredilmezden öň seretmegi amala aşyrýar;

10.hukuk, ykdysady, statistik we şol sanda daşary ýurt tejribesini özünde jemleýän gaýry maglumatlary özünde saklaýan maglumatlar binýadyny döredýär;

11.maglumatlar tehnologiýalaryny ulanmak bilen Birleşmäniň agzalaryna- telekeçiligiň subýektlerine, şeýle hem telekeçiligiň daşary ýurtly subýektlerine hukuk kömegini we konsalting hyzmatlaryny edýär;

12.işjeň önümçilik, maýa goýum we daşary ykdysady iş üçin şertleriň döredilmegine ýardam edýär;

13.sergileriň, ýarmarkalaryň, seminarlaryň, konferensiýalaryň, forumlaryň we gaýry jemagatçylyk çäreleriniň, şol sanda daşary ýurtlarda taýýarlanmagyna we geçirilmegine gatnaşýar, ol çärelere Birleşmäniň agzalarynyň gatnaşmagyny üpjün edýär;

14.Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda halkara guramalary, daşary ýurt döwletleriniň senagatçylarynyň we telekeçileriniň jemgyýetçilik birleşikleri we beýleki ýuridik şahslary bilen gatnaşyklary ýola goýýar we ösdürýär;

15.öz ygtyýarlylyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga işleri amala aşyrýar


III. Birleşmäniň agzalary, olaryň hukuklary we borçlary


3.1. Birleşmäniň agzalarynyň deň hukuklary we deň borçlary bardyr.

3.2. Eýeçiligiň hususy görnüşi esasynda telekeçilik işini amala aşyrýan Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň fiziki we ýuridik şahslary Birleşmäniň agzalary bolup bilerler.

3.3. Fiziki şahslar öz ýazmaça arzasy esasynda ýuridiki şahslar bolsa öz ýolbaşçylary arkaly gol çekilen arzalary esasynda Birleşmäniň agzalygyna kabul edilýär. Agzalyga kabul etmek Müdiriýet tarapyndan amala asyrylýar.

Ýerlerde Birleşmäniň agzalygyna kabul etmek hukugy Birleşmäniň sebitleýin bölümlerine (şahamçalaryna we wekilliklerine) berlip bilner.

3.4. Birleşmäniň agzalarynyň şulara hukugy bardyr:

  • şu Tertipnama bilen bellenilen tertipde Birleşmäniň ýolbaşçy edaralarynyň işine we olary düzmäge, şol sanda öz wekilleriniň üsti bilen gatnaşmaga;
  • Birleşmäniň, onuň ýolbaşçy we gözegçilik edaralarynyň işi hakyndaky zerur maglumatlary almaga;
  • Birleşmäniň maslahat beriji, geňeşdarlyk we beýleki edaralarynyň işine gatnaşmaga;
  • şu Tertipnama we Birleşmäniň beýleki resminamalary bilen kesgitlenilýän tertipde Birleşmäniň ýolbaşçy edaralaryna teklipleri girizmäge.
  • Birleşmäniň işini kämilleşdirmek hakyndaky meselelere garamaga hem-de şolar boýunça çözgütleri kabul etmäge;
  • Birleşmäniň işini ýa-da onuň aýry-aýry çärelerini maliýeleşdirmek üçin meyletin gatançlaryny girizmäge;
  • Birleşmäniň agzalygyndan erkin çykmaga;
  • Türkmenistanyň kanunçylygy we şu Tertipnama bilen göz öňünde tutulan beýleki hukuklary amala aşyrmaga.

3.5. Birleşmäniň agzalary şulara borçludyr:

  • иşu Tertipnamanyň düzgünlerini, Birleşmäniň ýolbaşçy edaralarynyň çözgütlerini ýerine ýetirmäge, agzalaryň köplüçiniň garaýyşyna hormat goýmaga we ony goldamaga, Birleşmäniň maksatlaryny hem-de wezipelerini durmuşa geçirmäge işeňňir gatnaşmaga:
  • Birleşmä onuň maksatlaryny we wezipelerini ýerine ýetirmek üçin zerur bolan, gizlin bolmadyk maglumatlary bermäge;
  • Konferensiýanyň çözgüdi bilen bellenilen möhletlerde we möçberlerde agzalyk gatançlaryny tolemäge;
  • Birleşmäniň kärhanalarynyň işi bilen baglanyşykly maglumatlary aýan etmezlige;
  • Birleşmäniň Tertipnamasyny, özara gatnaşyklaryň etikasyny bözýan hereketleri, şeýle hem Birleşmä moral we maddy zelel ýetirýan hereketleri amala aşyrmazlyga.

3.6. Birleşmäniň agzalary agzalyk gatançlaryny tolenmändigi üçin, Birleşmäniň maksatlaryna ters gelýan iş üçin, şeýle hem Birleşmäni abraýdan gaçyrýan, oňa moral we maddy taýdan zelel ýetirýan hereketler üçin agzalykdan çykarylyp bilner.

3.7. Birleşmäniň agzalygyndan çykarmak Konferensiýa tarapyndan geçirilýar. Agzalykdan çykarmak baradaky çözgüt boýunça kazyýete şikaýat edilip bilner.


IV. Birleşmäniň guramaçylyk düzumleri we ýolbaşçy edaralary


4.1. Şular Birleşmäniň ýolbaşçy edaralarydyr:

Konferensiýa;

Müdiriýet;

Başlyk.

4.2. Müdiriýet tarapyndan ýylda azyndan bir gezek çagyrylýan Konferensiýa Birleşmäniň ýokary ýolbaşçy edarasydyr. Müdiriýet, Derňew topary ýa-da Birleşmäniň agzalarynyň ondan bir bölegi ýazmaça görnüşde we gün tertibini görkezmek bilen talap etse nobatdan daşary Konferensiýa çagyrylyp bilner.

Birleşmäniň Konferensiýasy geçirilýan senä çenli 2 hepdeden gijä galynman Birleşmäniň ähli agzalary Birleşmäniň metbugat edarasynda çap etmek arkaly ýa-da telefon we Internet arkaly çagyrylýarlar.

Konferensiýanyň gün tertibiniň taslamasy Müdiriýet tarapyndan işlenilip taýýarlanylýar we Birleşmäniň başlygy tarapyndan tassyklanylýar. Müdiriýetiň öz başlangyjy esasynda ýa-da Birleşmäniň agzalarynyň azyndan 10-dan bir böleginiň talap etmegi boýunça Konferensiýanyň geçirilýan gününe çenli 10 günden gijä galynman alnan bellikleri hem-de teklipleri Konferensiýanyň gün tertibiniň taslamasyna girizmäge haklydyr.

Eger Konferensiýa saýlanan delegatlarynyň ýarpysy gatnaşsa, Konferensiýa hukuk ygtyýarly hasaplanylýar. Konferensiýada delegatlaryň wekilliginiň normasy Birleşmäniň Mudiriýeti tarapyndan kesgitlenilýär.



4.3. Şu meseleleriň çözülmegi diňe Birleşmäniň Konferensiýasynyň ygtyýaryna degişlidir:

  • Birleşmäniň işiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek;
  • Birleşmäniň Tertipnamasyny tassyklamak we oňa üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek (hukuk salgysyny üýtgetmek muňa girmeýar);
  • Birleşmäniň uzak möhletli meýilnamalaryna we maksatnamalaryna garamak we olary tassyklamak;
  • Birleşmäniň Mudiriýetiniň agzalaryny we Derňew toparynyň agzalaryny dört ýyl möhlete saýlamak, şeýle hem olaryň ygtyýarlyklaryny möhletindeň öň bes etmek;
  • Derňew topary hakyndaky düzgünnamany tassyklamak;
  • Müdiriýetiň we Derňew toparynyň hasabatlaryna garamak we olary tassyklamak;
  • giriş we her ýyllyk agzalyk gatançlarynyň möçberlerini hem-de olary tölemegiň tertibini tassyklamak;
  • Birleşmäniň düzüminden çykarmak;
  • Konferensiýanyň redaksion, mandat, ses sanaýjy toparlaryny we sekretariýatyny saýlamak;
  • Birleşmäni gaýtadan guramak we ýapmak.



4.4. Eger Konferensiýa tarapyndan başgaça bellenilmedik bolsa Konferensiýada Birleşmäniň başlygy başlyklyk edýär.

4.5. Ses bermegiň görnüşi (açyk ýa-da gizlin) Konferensiýanyň çözgüdi tarapyndan kesgitlenilýär. Sesleri sanamak Konferensiýa teklibi boýunça Konferensiýa tarapyndan saýlanylýan Ses sanaýjy toparyň agzalary tarapyndan geçirilýär. Müdiriýetiň agzalary Ses sanaýjy toparyň düzümine girip bilmez. Birleşmäniň Tertipnamasyny üýtgetmek baradaky çözgüt Konferensiýa gatnaşyanlaryň dörtden üç böleginiň sesleriniň köplüginde, beýleki meseleler çözgütler bolsa gatnaşýan delegatlarynyň üçden iki böleginiň köplüginde kabul edilýär.

4.6. Müdiriýet Birleşmäniň kollegial, hemişelik hereket edýän edarasydyr, ol Konferensiýa hasabat berýär we Konferensiýalaryň aralygyndaky döwürde Birleşmäniň işine umumy ýolbaşçylygy amala aşyrýar. Başlyk, başlygyň orunbasary we Müdiriýetiň agzalary Müdiriýetiň düzümine girýär. Müdiriýetiň san düzümi 9 adamdan geçmeýär.

4.7. Birleşmäniň Müdiriýeti:

  • nobatdaky we nobatdan daşary Konferensiýalary çagyrýar, gün tertibiniň taslamasyny we Birleşmäni ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary boýunça tekliplere garamak hem-de tassyklamak üçin olara girizýär;
  • bu çözgütleri nobatdan daşary Konferensiýada soňra tassyklamak bilen, Müdiriýetiň agzalaryndan Birleşmäniň başlygyny we başlygynyň orunbasaryny galan möhlete möhletindeň öň gaýtadan saýlamak hakyndaky çözgütleri çykarýar;
  • ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşýar, ara alyp maslahatlaşmagyň jemleri boýunça çözgütleri we karalary kabul edýär;
  • Birleşmäniň maliýe serişdelerine we emlägine ygtyýar edýär, emläge hem-de maliýe serişdelerine ygtyýar etmek hukugyny Birleşmäniň başlygyna bermek hakyndaky çözgüdi kabul edýär, iri geleşikler we amala aşyrylmagyna Birleşmäniň aýry-aýry agzalarynyň gyzyklanmasy bar bolan geleşikler muňa girmeýär;
  • Birleşmäniň býujetiniň ýerine ýetirilmegi baradaky maglumatlary diňleýär we olara garaýar;
  • Birleşmäniň şahamçalaryny we wekilliklerini döretmek hakyndaky çözgüdi kabul edýär, olar hakyndaky düzgünnamalary tassyklaýar, olary ýapmak baradaky çözgütleri kabul edýär;
  • Birleşmäniň geňeşdarlyk we maslahat beriji edaralaryny düzmek hakyndaky çözgüdi kabul edýär;
  • Döwlet edaralarynda, jemgyýetçilik birleşiklerinde we halkara guramalarynda Birleşmä wekilçilik edýär, olar bilen şertnamalary hem-de ylalaşyklary baglaşmak hakyndaky çözgütleri kabul edýär;
  • Birleşmä agzalyga kabul edýär we olaryň hasabyny ýöredýär;
  • Birleşmäniň ýyllyk hasabatyny we býujetini tassyklaýar hem-de agzalyk gatançlarynyň möçberlerini we olary tölemegiň tertibini Konferensiýanyň tassyklamagyna hödürleýär;
  • Birleşmäniň başlygynyň hödürlemegi boýunça Birleşmäniň diwany hakyndaky düzgünnamany tassyklaýar, şonda onuň düzümi, wezipeleri, ygtyýarlyklary we işinin tertibi kesgitlenilýär;
  • diňe Birleşmäniň Konferensiýasynyň ygtyýaryna degişli bolmadyk beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

Müdiriýet Birleşmäniň islendik agzasyna Birleşmäniň işi bilen baglanyşykly belli bir wezipeleri hem-de işleri ýerine ýetirmegi tabşyryp, şeýle hem üçünji taraplar barasynda Birleşmäniň bähbitlerine wekilçilik etmegi tabşyryp biler.

4.8 Müdiriýetiň mejlisi Birleşmäniň başlygy tarapyndan zerurlyga görä, ýöne azyndan alty aýda bir gezek çagyrylýar. Müdiriýetiň nobatdan daşary mejlisi başlygyň, Derňew toparynyň başlangyjy boýunça, şeýle hem Müdiriýetiň agzalarynyň azyndan üçden iki böleginiň talap etmegi boýunça çagyrylýar.

4.9 Müdiriýetiň agzalary Müdiriýetiň mejlisiniň gün tertibi, şeýle hem geçirilýän wagty we ýeri hakynda başlyk tarapyndan Müdiriýetiň mejlisiniň geçirilýän senesine çenli azyndan 3 gün oňündeň habardar edilýär.

4.10. Wezipesi boýunça Birleşmäniň başlygy bolup durýan Müdiriýetiň başlygy Birleşmäniň içine ýolbaşçylyk edýär.

4.11. Birleşmäniň başlygy:

  • Müdiriýetiň we tutuşlygyna alnanda Birleşmäniň işini guraýar;
  • Birleşmäniň ähli edaralarynyň we düzümleriniň işini utgaşdyrýar;
  • döwlet edaralarynda, jemgyýetçilik birleşikleri, halkara guramalarynda Birleşmä wekilçilik edýär;
  • ynanç haty bolmazdan Birleşmäniň adyndan hereket edýär, Birleşmäniň adyndan ynanç hatlaryny berýär;
  • öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde we tassyklanylan býujete laýyklykda Birleşmäniň serişdelerine ygtyýar edýär;
  • Birleşmäniň diwanynyň işgärleriniň wezipe sanawyny we wezipe aýlyk iş haklaryny tassyklaýar, Birleşmäniň diwanynyň işgärlerini işe kabul edýär we işdeň boşadýar, olaryň wezipe borçlaryny tassyklaýar, olara tabşyryklary hem-de görkezmeleri berýär;
  • Birleşmäniň adyndan geleşikleri amala aşyrýar we ylalaşyklary baglaşýar, şertnamalara, kontraktlara we maliýe resminamalaryna gol çekýär;
  • Banklarda hasaplaşyk we beýleki hasaplary açýar;
  • öz ygtýarlyklarynyň çäklerinde buýruklary çykarýar we görkezmeleri berýär;
  • beýleki ýerine ýetiriji-serenjam beriji içleri ýerine ýetirýar.

4.12. Birleşmäniň başlygy wagtlaýyn bolmadyk mahaly onuň wezipelerini başlygyň orunbasary ýerine ýetirýär. Başlygyň borçlaryny ýerine ýetirmegi başlygyň orunbasarynyň üstüne ýüklemek hakyndaky çözgüt başlygyň görkezmesi bolmasa Müdiriýetiň çözgüdi bilen resmileşdirilýär. Görkezilen tarapyndan şeýle görkezme bermek mümkin bolmadyk mahaly, orunbasarynyň başlyk wagtlaýyn bolmadyk mahaly onuň borçlaryny etmek hakyndaky çözgüdi özbaşdak kabul etmäge haky bardyr.

4.13. Birleşmäniň maliýe-hojalyk işine Birleşmäniň Derňew topary gözegçilik edýär. Derňew topary Konferensiýa hasabat berýär we Birleşmäniň tarapyndan tassyklanylan özi hakyndaky düzgünnama laýyklykda işleýär.

4.14. Birleşmäniň Derňew topary azyndan ýylda bir gezek Birleşmäniň barlaglaryny geçirýär we olaryň netijelerini Konferensiýanyň garamagyna hem-de tassyklamagyna berýär. Derňew topary tapyndan meýilnamadan daşarky barlaglar Konfereniýasynyň tabşyrmagy boýunça, Müdiriýetiň talap etmegi boýunça ýa-da Birleşmäniň agzalarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki böleginiň talap etmegi boýunça ýa-da öz başlangyjy boýunça geçirilýär.

4.15. Müdiriýetiň agzalary we Birleşmäniň diwanynyň işgarleri Derňew toparynyň agzalary bolup bilmezler.


V. Birleşmäniň elmägi


5.1. Jaýlar, binalar, desgalar, ýasaýyş jaý gory, ulaglar, enjamlar, höwseleler, medeni aň-bilim we sagaldyş maksatly emläk, pul serişdeleri, paýnamalar we beýleki gymmatly kagyzlar hem-de öz tertipnamalaýyn işini maddy taýdan üpjun etmek üçin zerur bolan beýleki emläk Birleşmäniň eýeçiliginde bolup biler.

5.2. Tertipnamalaýyn maksatlaryna laýyklykda öz serişdeleriniň hasabyna döredilýan hem-de satyn alynýan, neşirýat, kopçülikleýin habar beriş serişdeleri hem Birleşmäniň eýeçiliginde bolup biler.

5.3. Birleşme öz borçnamalary boýunça özine degişli ähli emlägi bilen jogap berýär, şol emläge bolsa ulanylýan kanunçylyga laýyklykda tutup almak çäresi bellenilip bilner. Birleşmäniň agzalary Birleşmäniň borçnamalary boýunça jogap bermeýärler, şonuň ýaly-da Birleşme hem öz agzalarynyň borçnamalary boýunça jogap bermeýär

5.4. Şular Birleşmäniň emlägini emele getirmegiň çeşmeleridir:

1.    agzalyk gatançlary, olaryň möçberini Konferensiýa belleýar;

2.    meýletin gatançlar we peşgeş berlen serişdeler;

3.    edara görnüşli taraplardan, şol sanda daşary ýurt täjirçilik däl we býujetde durýan guramalardan (grant görnüşinde) alnan belli bir maksatly maliýeleşdirmeler we gelip gowuşýan serişdeler;

4.    Birleşme tarapyndan döredilen tajirçilik guramalarynyň işindeň, şol sanda Birleşmäniň simwolikasy we nyşany bolan harytlary çykarmakdan; raýat-hukuk geleşiklerindeň geçirilýän serişdeler;

5.    Birleşmäniň mahabatlandyryş, neşirýat işinden hem-de çap ediş we maglumat beriş önümlerini ýerlemekden gelip gowuşýan serişdeler;

6.    Bilim beriş işinden, geçirilýän leksiýalardan, seminarlardan, konferensiýalardan, sergilerden, bäsleşiklerden, lotoreýalardan, auksionlardan, filmleri gorkezmekden we beýleki çärelerden gelip gowuşýan serişdeler.

Birleşmäniň girdejileri diňe tertipnamalaýyn maksatlara ulanmak üçin peýdalanylýar we Birleşmäniň agzalarynyň arasynda paýlanylyp bilinmez.

5.5 Birleşme tarapyndan gatançlaryň şu gornüşleri bellenilýär:

  • giriş agzalyk gatançy;
  • her ýyllyk agzalyk gatançlary.

Birleşmäniň ähli agzalary agzalyk gatançlaryny töleýjilerdir. Gatançlaryň ähli gornüşleriniň möçberleri we olary tölemegiň tertibi Birleşmäniň agzasynyň derejesini we beýleki düýpli şertleri nazara almak bilen, Konferensiýa tarapyndan bellenilýär. Birleşmäniň agzalygyndan çykylan ýa-da çykarylan mahaly tölenilen gatançlar yzyna gaýtarylmaga degişli däldir.

5.6. Birleşme tutuşlygyna alnanda Birleşmäniň emläginiň eýesidir. Birleşmäniň her bir aýratyn agzasynyň Birleşmäniň emlägindäki paýa eýeçilik hukugy ýokdur.

Birleşme döwletiň bergileri we borçnamalary boýunça jogap bermeýär, şonuň ýaly-da döwlet hem Bileşmäniň bergileri we borçnamalary boýunça jogap bermeyär.


VI. Birleşmäniň hukuklary we borçlary


6.1. Birleşmäniň hukuklary:

Birleşme öz Tertipnamasyna laýyklykda maksatlaryny, wezipelerini we işlerini amala aşyrmak üçin zerur bolan hukuklara eýelik edýär.

Birleşmäniň şu aşakdakylara hukugy bardyr:

1.    öz hukuklaryna wekilçilik etmäge we olary goramaga, Birleşmäniň agzalarynyň adyndan hereket etmäge we olaryň döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerli häkimiýet edaralary, Türkmenistanyň we onuň çäginden daşardaky beýleki ýuridik şahslar bilen gatnaşyklarynda olaryň kanuny bähbitlerine ynanç hatsyz wekilçilik etmäge;

2.    jemgyýetçilik we döwlet durmuşynyň meseleleri boýunça başlangyç bilen çykyş etmäge, ol meseleler boýunça döwlet edaralaryna teklipleri girizmäge;

3.    saýlaw çärelerine gatnaşmaga we saýlawly wezipelere dalaşgärleri hödürlemäge;

4.    Tertipnamada göz öňünde tutulan telekeçilik, şol sanda maýa goýum işini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrmaga;

5.    Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Birleşmäniň emlägine eýelik etmäge, ondan peýdalanmaga, oňa ygtyýarlyk etmäge;

6.    Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şu aşakdakylary döretmäge:

a.     Birleşmäniň Türkmenistanda we daşary ýurtlarda şahamçalaryny we wekilhanalaryny;

b.    kärhanalary, guramalary we edaralary, şol sanda karz edaralaryny, ýokary we orta hünärmençilik, şeýle hem işgärleriň hünärlerini kämilleşdiriş we olary gaýtadan taýýarlaýyş bilim edaralaryny;

7.    köpçülikleýin habar beriş serişdelerini esaslandyrmaga, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde neşirýat we mahabat işini amala aşyrmaga;

8.    başga ýuridik şahslaryň esaslyk maýasyna, şeýle hem Birleşmäniň agzalary bilen bilelikde paýly gurluşyga gatnaşmaga;

9.    öz işiniň amala aşyrylmagynyň usullaryny, Birleşmäniň düzümini kesgitlemäge, onuň wezipe sanawyny, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Birleşmäniň işgärleriniň zähmet we höweslendiriş tölegleriniň görnüşini, ulgamyny we möçberlerini tassyklamaga.

6.2. Birleşmäniň telekeçilik işi

Birleşme girdejileri Birleşmäniň agzalarynyň arasynda gaýtadan paýlanyp bilinmejek we diňe Tertipnamada göz öňünde tutulýan maksatlara ýetmek üçin peýdalanylýan, Tertipnamada göz öňünde tutulan telekeçilik işini amala aşyryp biler.

Birleşmäniň telekeçilik işi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

6.3. Birleşmäniň borçlary:

Birleşme Türkmenistanyň kanunçylygyny, şol sanda jemgyýetçilik birleşikleri hakynda, ygtyýarlylandyrylýan işleriň görnüşlerini amala aşyran mahalynda ygtyýarlylandyrmak hakynda kanunçylygy, halkara hukugynyň olaryň işiniň çygryna degişli umumy ykrar edilen ýörelgelerini we kadalaryny, şeýle hem Birleşmäniň Tertipnamasynda göz öňünde tutulan kadalary berjaý etmäge borçludyr.


VII. Birleşmäni gaýtadan guramagyň we ýatyrmagyň tertibi


7.1. Türkmenitanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda we tertipde Konferensiýanyň çözgüdi bilen Birleşme goşulmak, birleşmek, bölünmek we bölünip aýrylmak görnüşinde gaýtadan guralyp bilner.

7.2. Birleşme su Tertipnama laýyklykda Konferensiýanyň çözgüdi boýunça, ýa bolmasa kazyýetiň çözgüdi boýunça ýapylýar hem-de öz işini bes edýär.

7.3. Birleşme ýapylan mahaly Konferensiýa ya-da Birleşmäni ýapmak hakyndaky çözgüdi kabul eden edara tarapyndan ýapyş topary bellenilýär. Yapyş topary bellenilen pursatdan başlap oňa Birleşmäniň emlägini dolandyrmak baradaky ygtyýarlyklar geçýär.

7.4. Ýapyş, topary resmi metbugat edaralarynda Birleşmäniň ýapylýandygy hakyndaky we 2 aýyň dowamynda karzdarlaryn nägileliklerinin kabul edilýändigi hakyndaky habarnamany (bildirişi) ýerleşdirýär. Birleşmäniň ýapylýandygy hakynda her bir karzdar ýazmaça görnüşde habardar edilýär.

7.5. Karzdarlaryň talap bildirmekleri üçin bellenilen möhletiň geçmegi bilen ýapyş topary Birleşmäni dörediji ýa-da ony ýapmak baradaky çözgüdi kabul eden edara tarapyndan tassyklanylyan teswirnama bilen resmileşdirilen aralyk balansy düzýär.

7.6. Ýapyş topary aralyk ýapyş balansy tassyklanylan pursatdan başlap ýüze çykarylan karzdaralara pul möçberlerini tölemegi geçirýär. Karzdarlar bilen hasaplaşyklar tamamlanandan soň ýapyş topary şu Tertipnama bilen bellenilen tertipde tassyklanylan ýapyş balansyny düzýär.

Birleşmäniň býujet, Birleşmäniň işgärleri, banklar we beýleki karzdarlar bilen hasaplaşyklardan soň galan emlägi hem-de serişdeleri şu Tertipnama bilen kesgitlenilen ygtyýarly adamlaryň arasynda paýlanylýar.

Birleşmäniň ýapylandan soň galan emlägini peýdalanmak barada yapyş toparynyn çözgüdi metbugatda çap edilýär.

Ýapylanyndan soň Birleşmäniň ähli resminamalary bellenilen tertipde Türkmenistanyň guramalaryna saklamak üçin berilýär.


VIII. Jemleýji düzgünler


8.1. Şu Tertipnama, şeýle hem oňa girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar olar döwlet tarapyndan bellige alnan pursatdan başlap hukuk güýje girýär.

8.2. Şu Tertipnama bilen düzgünleşdirilmedik ähli meseleler we hukuk gatnaşyklary Türkmenistanyň ulanylýan kanunçylygyna laýyklykda çözülyär we düzgünleşdirilyär.

8.3. Şu Tertipnama türkmen dilinde düzüldi.