Telekeçiler mekdebi

Telekeçiler mekdebi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň garamagynda 2009-njy ýylyň aprel aýynda esaslandyryldy. Mekdep öz diňleýjilerine hünärmentçilik taýýarlyk boýunça 52 sany ugurlary hödürleýär, olardan 41 gysga möhletli okuwlar, 11 hünär ýokarlandyryş ugurlaryna gönükdirilendir. Hünär ugurlaryň birnäçesi boýunça mekdebiň welaýat, ýagny Mary, Lebap, Daşoguz we Balkan bölümçelerinde okuw guralýar. Mekdepde okuw seminarlary guralýar, tejribeli we işewürlik ýoluna indi çykan telekeçilere bilim taslamalary durmuşa geçirilýär, bu taslamalar işewürligi ýöretmegiň hukuk esaslary, häziri zaman iş ýörediş, halkara hyzmatdaşlyk ugurlary boýunça telekeçileriň bilimlerini giňeldýär. Şeýle hem, diňleýjilere  telekeçilik işini alyp barmaga maslahat beriş we maglumat beriş hyzmatlary hödürlenilýär.

 

Habarlaşmak üçin

Telefon belgileri: 22-74-31, 22-74-30, 22-74-38