Hukuk bölümi

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Hukuk bölümi telekeçilik işine degişli kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taýýarlanmagyna gatnaşmakdan başga, Birleşmäniň agzalarynyň ýüzlenmelerine seredip, hukuk kömegini amala aşyrýar. Bölümiň hünärmenleri hukuk maglumatlary özünde saklaýan maglumatlar binýadyny ýöredýär we hukuk meseleler boýunça Birleşmäniň adyndan beýleki edaralarynda wekilçilik edýär. Mundan başga-da Birleşmäniň agzalaryna daşary ýurtly hünärmenleri ýurdumyza çagyrmak boýunça ýüzlenmelerini seljerýär we olar boýunça hödürnama taýýarlaýar. Telekeçilik işinde ýüze çykýan jedelli meseleler boýunça Birleşmäniň agzalarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün edilmegine ýardam edýär.

 

Habarlaşmak üçin

Telefon belgileri: 21-23-98, 21-24-02, 21-24-03