Halkara bölümi

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Halkara bölümi Birleşmäniň daşary ykdysady işini alyp barýar. Birleşmäniň bu bölümi ýokary derejede geçirilýän halkara maslahatlara we çärelere işjeň gatnaşýar, halkara guramalaryň we iri daşary ýurtly kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynda tegelek stollary, işewür maslahatlary guraýar. Mundan başga-da, hökümetara toparlaryň Birleşmäniň adyndan gatnaşyp, olaryň birnäçesine başlyklyk edýär. Bölüm daşary ýurtly işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmakda telekeçilerimize ýardam berýär.

Habarlaşmak üçin

Telefon belgileri: 21-24-06, 21-23-80, 21-23-82