Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB) – esasy işi Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamaga, milli ykdysadyýetiň hususy sektoryny ösdürmäge ýardam etmäge, häzirki zaman telekeçilik infrastrukturasyny emele getirmäge ugrukdyrylan jemgyýetçilik edarasydyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen 2008-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, welaýatdaky bölümlerini birleşdirip, häzirki günde işjeň öňe barýan işewürlik-bileleşigi bolup durýar. Häzirki wagtda guramanyň agzalarynyň sany 20640-dan gowyrakdyr, hususy kärhanalarda we telekeçilik işiniň dürli pudaklarynda bolsa 10000 müňden gowrak adam zähmet çekýär.

TSTB türkmen ykdysadyýetiniň modernizasiýasynda we diwersifikasiýasynda, önümçiligiň göwrümlerini ýokarlandyrmakda we ýokary hilli önümleriň görnüşlerini giňeltmekde, Türkmenistanda azyk bolçulygyny üpjün etmekde wajyp wezipäni ýerine ýetirýär.

Birleşmäniň agzalary dürli pudaklary ösdürmäge, içerki we daşarky bazarda ýokary bäsdeşlige ukyby bolan önümleri öndürmek boýunça innowasion önümçilikleri döretmäge işjeň gatnaşýarlar. Olar täjirçilik, jemgyýetçilik iýmiti, oba hojalygy, azyk, dokma senagaty, tikinçilik ýaly pudaklarda, mebel, aýakgap önümçiliginde we ş.m. janypkeş zähmet çekýärler. Hususy sektoryň wekilleri bilim, bedenterbiýe we sport ugurlary boýunça uly işleri alyp barýarlar, mahabat we neşirýat hyzmatlaryny edýärler.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary Aşgabatda we ýurdyň welaýatlarynda uly gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirýärler, “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda türkmen deňiz dynç alyş zolagynyň infrastrukturasyny kemala getirmek boýunça işlere gatnaşýarlar.

TSTB işini kesgitleýän esasy resminama “Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda” Kanun bolup durýar.

TSTB “Rysgal” Paýdarlar-täjirçilik bankynyň we telekeçilik mekdebiniň düýbini tutujy we ýurdyň ilkinji hususy gazedi bolan “Rysgal” gazediniň esaslandyryjysydyr.

Türkmenistanda we halkara derejede telekeçiler toparynyň bähbitlerine wekilçilik etmek bilen,  Birleşme  Hytaýda, Birleşen Arap Emirliklerinde we Awstriýada söwda wekilçiliklerini açdy. Onuň wekilleri daşary ýurtlarda geçýän halkara sergilere we gaýry telekeçilik çärelerine gatnaşýarlar.

Guramanyň strategiýa meseleleriniň hatarynda 2020-nji ýyla ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz sektorynyň ýurdyň IUÖ-niň gatanjyny 70 göterime çenli ýetirmek (ÝET hasaba almazdan).

TSTB öz baş borjyny Türkmenistanyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň işewür gurşawy gowlandyrmaga, türkmen işewürliginiň derejesini ýurtda we dünýäde ýokarlandyrmaga gönükdirilen tagallalarynyň jebislendirilmeginde görýär.