Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň dykgatyna!

Halkara hyzmatdaşlygyň German jemgyýetiniň goldamagynda GFR Ykdysadyýet we energetika Federal Ministrligi tarapyndan geçirilýän, Germaniýada dolandyryjy işgärleri taýýarlamak Maksatnamanyň çäklerinde (GIZ GmbH) 2018-nji ýylyň 15-nji oktýabryndan – 09-njy noýabr aralygynda Selle şäherinde (Germaniýa Federatiw Respublikasy) okuw (stažirowka) gurnalýar.    

Gatnaşyjylary seçip almak çäresi 2018-nji ýylyň 30-njy aprelinden -  1-nji maý aralygynda geçiriler.    

Maksatlaýyn topar:
- önümçilige we/ýa-da halkara hyzmatdaşlyga, halkara taslamalara jogapkär menejerler we dolandyryjy işgärler (tabynlygynda işgärleri bolan ýolbaşçylar), satyn almalar, satuw boýunça menejerler we ş.m.

-menejment, ykdysadyýet, hukukşynaslyk ugurlarda ýokary bilimiň bolmagy makullanýar;

-ýolbaşçylyk wezipede azyndan 2 ýyl tejribe (tabynlygynda işgärleri bolan ýolbaşçylar);

-Germaniýa bilen hyzmatdaşlyk etmäge isleg.

Bäsleşik söhbetdeşlikleri şu aşakdaky tertip boýunça geçirilýär: her dalaşgäre 20 minut – söhbetdeşlik rus dilinde alnyp barylar.
Doldurmak üçin zerur görnüşler goşundyda berilýär.

Goşmaça soraglar ýüze çykan ýagdaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň halkara bölümine ýüzlenip bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99312 21-23-80.